Iň täze habarlar

Hytaýyň özüne çekijiligi: Aşgabatdaky baýramçylyk kabul edişligi

29.12.2024 | 19:50 |
 Hytaýyň özüne çekijiligi: Aşgabatdaky baýramçylyk kabul edişligi

Şenbe güni paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hytaýyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Hytaýyň tagamyndan lezzet almak – medeniýetiň gözelligini gözlemek” atly dabaraly kabul edişlik geçirildi. Täze 2025-nji ýyly garşy almaga we Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan bu çäre myhmanlara Çynma-çynyň baý mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Kabul edişlik Hytaýyň däp bolan medeniýetini janlandyran ajaýyp sergi bilen başlandy. Dürli taraplaryny görkezmek üçin myhmanhananyň foýeside ünsüňi çekýän giňişlik döredilip, her kime hytaý däp-dessurlarynyň, sungatynyň we halk senetçiliginiň täsinligini başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.

г.jpg

Gatnaşanlar milli eşikleri, nepis ýüpek eşiklerini deňäp gördüler, özlerini hakyky hytaý gözellikleri we görmegeý ýigitleri ýaly duýmak hem-de bu pursatlary fotosuratlar arklay ýatda saklamak üçin guramaçylar fotosessiýalar üçin ýörite burç barada alada etdiler.

н.jpg

Şeýle hem sergide adaty Pekin operasynyň gahrymanlary üçin nikaplaryň nusgalaryny reňläp ýa-da öz eskizleriňizi düzmek mümkinçiligi boldy.

й.jpg

Çagalar täze oýun keşbini almaga howlukýanlygy sebäpli bu işi has içgin özleşdirdiler. Aagdarhalar we feniksler baradaky hekaýalara haýran galmak bilen diňlediler we özlerini kiçijik şa gyzlary, kung-fu ussatlary hökmünde göz öňüne getirdiler.

у.jpg

Ýaşy uly adamlar ieroglifleri ýazmak boýunça ýa-da kagyz nagyşlaryny kesmek sungatyny ýerine ýetirip türgenleşip bilerler, ýagny “szýançži” diýilýär.

ц.jpg

Serginiň esasy bölegi çaý dabarasy boldy. Ýumşak aýdym-sazyň seslerine ussatlar çaý taýýarlamagyň syrlaryny açdylar, Hytaýda “durmuşyň eliksi” (melhem) diýlip atlandyrylýan hereketiň sazlaşygyny we içgä hormat goýýandygyny görkezdiler.

ш.jpg

Myhmanlar börekleriň döredilmegine ýakyndan tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar – hytaý medeniýetinde bitewiligi we bagty alamatlandyrýan tagam, taýýar lezzetli gýodzany (hytaý tagamy) şol ýerde dadyp görmek bolar.

Dabaraly bölegi, Hytaýyň ilçisiniň çykyşy bilen başlady. Ol çykyşynda halklaryň arasynda medeni alyş-çalyşyň we özara düşünişmegiň möhümdigini nygtady.

2024-nji ýylda iki ýurduň liderleriniň strategiki ýolbaşçylygynda hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň ösüş depgini durnukly saklady we Bitewi ykbal bileleşigini döretmekde ynamly öňe gidişlik gazandy diýip, ilçi Sýan Naýçen aýtdy.

з.jpg

Şu nukdaýnazardan hytaýly diplomat Energetika hyzmatdaşlygy baradaky kömekçi komitetiň we Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk kömekçi komitetiniň mejlisleriniň üstünlikli geçirilmegini, ylmy we innowasiýa forumynyň we “Medeniýet ýylyny” bilelikde guralmagyny we üstünlikli geçirilmegini belläp geçdi. Iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň has işjeňleşýändigini we energetika, ykdysadyýet we söwda, ulag-kommunikasiýa, ylym we tehnologiýa, ynsanperwer ugurlaryndaky ýaly hyzmatdaşlyk dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary hilli ösüşi görkezýändigini nygtady.

Medeniýet – bu halklaryň arasyndaky aragatnaşygy çuňlaşdyrmak we siwilizasiýalaryň arasynda dialogy ösdürmek üçin köpridir. Hytaý medeniýeti öwüşgünli we ajaýyp, açyklygy we inklýuziwligi nygtaýar diýip, Sýan Naýçen her kime özboluşly däp-dessur dünýäsine çümmäge, lezzetli naharlardan lezzet almaga, ajaýyp çakyrlary dadyp görmäge we döredijilik çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrdy.

х.jpg

“Täze ýylda, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň möhüm ylalaşyklaryny doly durmuşa geçirmek we strategiki hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmak üçin türkmen dostlarymyz bilen öňe gitmäge taýýardyrys. Ähli ugurlardaky gatnaşyklaryň has köptaraplaýyn, deňagramly we giňişleýin ösüşini amala aşyrarys, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam ederis, şeýle hem iki ýurduň we olaryň halklaryň bähbidi üçin has ýakyn hytaý-türkmen Bitewi ykbal bileleşigini döretmek üçin bilelikde işleýäris” – diýip ilçi sözüni jemledi.

ъ.jpg

Täze ýyl bilen mähirli gutlaglar we ýagşy arzuwlar, Çynma-çyna gastronomiki syýahatyň başlangyjy boldy. Hytaý aşhanasyny dadyp görmek, ajaýyp yslaryň ýakymly utgaşmagy, näzik şekili we çuň tagamlar, şeýle hem esasy bölegi, souslar we ysly zatlar bilen adaty bolmadyk görüşiň açylyşy boldy.

ф.jpg

Her tagam hytaý aşhanasynyň taryhy we däp-dessurlary bilen dolydy. Delikateslardan başga-da, myhmanlar hytaý çakyrlarynyň buketlerine baha bermäge çagyryldy. Bu gadymy siwilizasiýanyň kökleri gadymy döwürlerinden gözbaş alyp gaýdýan tutuş bir pelsepe.

ы.jpg

Hytaýda ýewropa we ýerli üzümiň köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bu giň dürli reňkdäki tagamly çakyrlary döretmäge mümkinçilik berýär – ýeňil miwelerden başlap, baý we taniklere çenli. Şerabyň köp görnüşi dermanlyk aýratynlyklara eýedir we adaty hytaý lukmançylygynda ulanylýar.

в.jpg

Baýramçylyk atmosferasy ilçihananyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar we tanslar bilen dolduryldy, özleriniň zehinleri we artistlik başarnyklary bilen geň galdyrdy. Olaryň reňkli eşikleri, suwuk hereketleri we joşgunly sazlary Hytaýyň medeni dünýäsine doly aralaşmak duýgusyny döretdi.

п.jpg

Mysal üçin, söwda we ykdysady meseleler boýunça geňeşçi Li Ýue tarapyndan ýerine ýetirilen çykyş ýatda galdy. Bu özüniň ösüş ýolunda ajaýyp üstünlikleri we iň uly sepgitleri gazanan Hytaý üçin ylham beriji oda, şonuň üçin watany wasp etmek çagyryşy ynandyryjy we güýçli bolup görünýär.

р.jpg

Aşgabatly aýdymçysy Ýelena Oreşkina Täze ýyl repertuaryndaky tanyş aýdymlar bilen tomaşaçylary begendirdi, hem-de baýramçylyk atmosferasyna şadyýan keýp we iň ajaýyp umytlaryň hasyl bolmagyna ynam bilen Täze ýyl agşamyna tolgunmalar bilen garaşmaklygy getirdi.

о.jpg

Aşgamyň dowamynda myhmanlara ýene bir ýakymly garaşylmadyk sowgat garaşýardy – “China Southern Airlines” Hytaýyň awiakompaniýasyndan baýrakly oýunlardy. Baýraklar Aşgabatdan HHR-iň şäherlerine uçuşlaryň biletleri bolup, olaryň arasynda esasy Siana biznes klassda uçuş bardy.

к.jpg

Şowly ýeňijileriň atlary yglan edilenden soň, zalyň içine Täze ýylyňyz gutly bolsun diýip arzuwly ýazgylar bilen bezelen uly süýjilik tort getirildi. Gündogar sazynyň owazynyň astynda myhmanlar agşamky täsirlerini paýlaşyp, süýji tagamyň töweregine ýygnandylar.

л.jpg

Atmosfera şeýle bir mylaýym we dostlukly boldy, hemmeleriň biri-biri bilen çyn ýürekden gürleşdiler hem-de dil päsgelçiliklerini ýylgyryşlar we el gysmalar aňsatlyk bilen aradan aýyrdylar.

д.jpg

“Ýyldyzdaky” çäre diňe bir tagam baýramçylygy bolman, eýsem däp-dessurlary we döwrebaplygy birleşdirýän köpri boldy. Her bir myhman diňe bir Hytaýyň täsirlerini we özüne çekijiligini däl, eýsem bu ajaýyp ýurduň medeniýeti ýaly gadymy we köptaraply hytaý ruhunyň bir bölegini hem aldy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: