Gurjak teatrda her gün Täze ýyl şowhunly baýramçylyk çykyşlary geçirilýär
06.01.2025 | 13:20 |Bu günler Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Täze ýylda körpe nesil şatlanýar” atly Täze ýyl şowhunly baýramçylyk çykyşlary geçirilýär. 12-nji ýanwara çenli her gün sagat 12:00, 15:00 we 18:00-da körpeje tomaşaçylar we olaryň ata-eneleri ertekiler dünýäsine syýahat ederler.
Çagalar üçin şowhunly çykyşlar, arçanyň daşynda tanslar, her dürli oýunlar we ýaryşlar guralar. Aýaz baba we Garpamyk çagajyklara şatlykly duýgylary paýlaýar.
Biletleri teatryň kassasynda satyn alyp bolar. Çykyşlar dynç alyş günlerinde maşgalaň ähli agzalary üçin şatlykly we baýarmçylyk duýgylaryň çeşmesi bolar.
ORIENT news