Iň täze habarlar

Russiýada aragatnaşyk hilini ýokarlandyrmak usulyny oýlap tapdylar

19.11.2024 | 10:32 |
 Russiýada aragatnaşyk hilini ýokarlandyrmak usulyny oýlap tapdylar

Russiýada aragatnaşygyň hilini ýokarlandyrmak usulyny oýlap tapdylar.

Abonenta tarap öçügsi zolaklaryň daşyndan aýlanyp 5G we 6G-aragatnaşygyny üpjün edýän şöhle ýaýratmalaryny, şöhlejigi ýaly serpikdirmäge mümkinçilik berýän enjamynyň ilkinji görnüşi Sankt-Peterburgyň Beýik Pýotr politehnik uniwersitetiniň (SPBPPU) hünärmenleri tarapyndan işläp taýýarlanyldy. Bu barada RIA Nowosti habarlar agentligi belleýär.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, simsiz torlaryň uly tizligini üpjün edýän ýokary ýygylykly aragatnaşyk kiçeldilen aralaşdyryjy ukyplygyna eýe bolup, köpsanly binalaryň we çylşyrymly görnüşdäki jaýlaryň arasynda durup bilýär.

Duýduryş sesiniň arasyny bölmek, şeýle hem şäher şertlerinde simsiz aragatnaşyk örtme meýdanyny köpeltmek meselesi köpsanly baza desgalarynyň oturdylmagy bilen çözülip bilner.

Işläp taýýarlamanyň awtorlarynyň biri bolan SPBPPU-nyň Amaly fizika we älem tehnologiýalar Ýokary mekdebiniň dosenti Witaliý Pawlowyň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda bu işläp taýýarlamanyň meňzeş görnüşleri ýokdyr.

Işde her düzüm bölek tarapyndan şöhlelenýän duýduryş sesiniň fazasyna aýratyn gözegçilik edýän düzüm bölekler toplumyndan ybarat şöhlelendiriji antenna gözenegi bolan täzeden konfigurirlenen intellektual örtmeler (KIÖ) ulanyldy. Abonentiň giňişlik ýerleşişine we onuň hereketleriniň gözegçilik edilmegine kompýuter görüşi we neýro ulgam tehnologiýalary jogap berýär.

Mundan başga-da, işläp taýýarlama uly mukdarda elektrik energiýasyny talap etmeýär.

Geljekde topar KIÖ-ni dolandyrmakda hem-de 5/6 nesildäki aragatnaşyk ulgamlaryndaky baza desgalarynda ulanmak üçin kämilleşdirilen kompýuter görüş ulgamyny işläp taýýarlamagy we onuň barlaglaryny geçirmegi göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Foto: ria.ru

Şeýle hem okaň: