Iň täze habarlar

Gazagystan we Hytaý Hazarda konteýner merkeziniň gurluşygyna başladylar

15.11.2024 | 15:47 |
 Gazagystan we Hytaý Hazarda konteýner merkeziniň gurluşygyna başladylar

Gazagystan we Hytaý Hazarda konteýner merkeziniň gurluşygyna başladylar. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.

Taslama Aktau deňiz söwda porty bilen bilelikde Lýanýungan Porty tarapyndan amala aşyrylýar.

Merkez Azerbaýjandan, Gruziýadan, Türkiýeden Hazarüsti ugry boýunça konteýner daşamalaryny artdyrmaga we Hytaýdan Ýewropa barýan ýük üstaşyr daşama ugurlaryny üýtgetmäge mümkinçilik berer.

Merkeziň gurluşygy Mangistau oblastynda başlady. Häzirki wagtda ýörite tehnikanyň 20-den gowrak birlikleriniň ulanylmagynda ýer ulanyşygy boýunça işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda deňiz portlaryň üsti bilen konteýner daşamalar boýunça görkeziji 84 % ýokarlandy we 58 müň ÝFE-ne (ýigrimi futlyk ekwiwalent – konteýner daşaýjylaryň we terminallaryň ýük göterijiligini kesgitlemek üçin ulanylýan takyk ölçeg birligi) barabar boldy.

2025-nji ýylyň ortalarynda işleriň tamamlanylmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Foto: ratel.kz

Şeýle hem okaň: