Iň täze habarlar

Gyrgyzystanda iri guryýer demirýol porty gurlar

18.04.2024 | 10:10 |
 Gyrgyzystanda iri guryýer demirýol porty gurlar

Gyrgyzystanda iri guryýer demirýol portyny gurmak meýilleşdirilýär diýip, Gyrgyzystanyň Söwda senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bu mesele Gyrgyzystanyň Söwda senagat edarasynyň Prezidenti Temir Sariýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Sian guryýer demirýol portunyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hut şol ýerde Hytaý – Merkezi Aziýa, Hytaý – Russiýa, Hytaý – Ýerwopa iri söwda ugurlary gözbaş alýar.

“Ýakyn wagtda Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demirýolunyň gurluşygynyň başlanjakdygyny nazara almak bilen, Sian portunyň ýolbaşçylary şular ýaly iri porty Gyrgyzystanyň çäginde gurulmagyna gyzyklanma bildirdiler” – diýlip, habarda bellenilýär.

Bu meselä şeýle hem Gyrgyzystanyň we Hytaýyň baştutanlarynyň gepleşiklerinde degilip geçildi.

ORIENT news

Foto: ru.sputnik.kg

Şeýle hem okaň: