Iň täze habarlar

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi Gergiýewiň Türkmenistanda gastrolynyň ýakyn wagtda bolmagyna garaşýar

19.05.2024 | 21:30 |
 Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi Gergiýewiň Türkmenistanda gastrolynyň ýakyn wagtda bolmagyna garaşýar

Russiýanyň Medeniýet ministrligi ýakyn wagtda Mariinskiý we Bolşoý teatrlarynyň başlygy maestro Waleriý Gergiýewiň ýakyn wagtda Türkmenistana gastrolynyň bolmagyna garaşýar.

Bu barada Russiýa Federasiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew žurnalistlar bilen bolan söhbetdeşliginde beýan etdi diýip TASS habar berýär.

Kazanda,“ Russiýa - Yslam dünýäsi” forumynyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Mariinskiý we Bolşoý teatrlarynyň başlygy biziň belli dirižorymyz, maestro Waleriý Gergiýew bilen duşuşdy we biziň Russiýada esasy hem-de belli dirižorymyz. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gergiýewi Türkmenistana çykyş etmäge çagyrdy. Men muňy ýakyn wagtda durmuşa geçireris diýip umyt edýärin” diýip ol TASS habarlar gullynyň habarçysynyň türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatda beren soragyna jogap beren pursatynda aýtdy.

Malyşew häzirki wagtda rus we türkmen taraplarynyň Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky teatrynyň täze binasynyň gurluşygy barada geňeşme geçirýändigini aýtdy. "Dostlukly Türkmenistan bilen geňeşmelerimiz gurluşyk işleriniň tiz wagtda başlamagyna ýardam eder diýip biz umyt edýäris"- diýdi.

ORIENT news

Foto: meloman.ru

Şeýle hem okaň: