NASA Täze ýyl arçasy görnüşinde ýyldyzlar toplumyny görkezdi
27.12.2024 | 15:35 |Amerikan NASA älem agentligi NGC 2264 ýyldyzlar toplumynyñ şeklini neşir etdi. Ol täze ýyl arçasyny ýatladýan şekline görä "Täze ýyl arçasy" adyny aldy.
Bu 1-5 million ýyl arasyndaky ýaş ýyldyzlaryñ toplumydyr. Ol Ýeken ýyldyzlar toplumynda Ýerden takmynan 2500 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýär.
Bu surat "Çandra" älem obserwatoriýasynyñ we astrofotograf Maýkl Klouñ görünýän çäkde işleýän optiki teleskopynyñ X-şöhle maglumatlarynyñ ulanylmagy bilen alyndy.
Suratda daşyndan arçanyñ tikenlerini yatladýan gaz bulutlary bilen daşy gurşalan aýdyñ gök we ak ýyldyzlary görüp bolýar.
Suratda gyzyl, benewşe we gök reñkler "Çandranyñ" maglumatlary hökmünde getirilen, ýaşyl we benewşe ýerleri optiki teleskop arkaly alyndy.
Şeýle-de, NGC 2264 gar tozjagazy diýlip hem atlandyrýarlar.
ORIENT news