Iň täze habarlar

Türkmenistan inçekesele garşy göreşi güýçlendirýär

27.12.2024 | 13:00 |
 Türkmenistan inçekesele garşy göreşi güýçlendirýär

Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) inçekesel (IK) boýunça “Türkmenistanyň inçekesele garşy göreş boýunça Milli maksatnamasynyň dolulygyna Ählumumy Gaznadan çykmak” atly täze taslama gol çekdiler.

Taslama 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli durmuşa geçiriler. Onuň býujeti AIDS, inçekesele we malýariýa keseline garşy göreş boýunça Ählumumy gaznasy (ÄG) tarapyndan goýberilen 6,2 mln gowrak amerikan dollara barabar. Bu başlangyç Inçekesele garşy göreş boýunça Milli maksatnamanyň (IGGMM) 2027-nji ýyla çenli dolulygyna içerki maliýeleşdirilmegine geçmegiň hasabyna onuň durnuklylygyny we özýeterliligini üpjün etmek ýolunda möhüm ädimdir.

Köpçülikleýin saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmaga hem-de inçekelesiň öňüni almagy we bejermegi dolandyrmagyň ygtybarly gurluşyna bolan berk syýasy ygrarlylygyň netijesinde, Türkmenistan bu kesele gaşy göreşde möhüm üstünlikleri gazandy. 2010-njy ýyldan başlap, ÄG IGGMM-ä 37 mln gowrak amerikan dollaryny maýa goýum etdi. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň hökümeti inçekesele garşy göreş boýunça ÄG-niň esasy işiniň maliýeleşdirilmegini kem-kemden öz üstüne aldy. 2024-njy ýyla çenli bolsa giň derman durnuklylygy bolan inçekeseli bejermegiň çylşyrymly we gymmat bahaly usullary Ählumumy gazna tarapyndan üpjün edilýär.

Täze taslama GeneXpert ýaly anyklaýyş gurallara, hem-de aýratyn sebitlerde ykjam desgalara elýeterliligi giňeltmäge, sanly çözgütleriň synagyna, möhüm derman serişdelerine elýeterliligiň üpjün edilmegine we gös-göni gözegçilik aşagynda bejergi arkaly ýarawsyzlara hyzmatlaryň berilmegine gönükdirilendir. Taslamanyň esasy bölekleri gutulma görkeziijilerini we bejerginiň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak üçin derman serişdelerine durnukly inçekeseliň gysga we netijeli bejergi tertibiniň giňeldilmegini öz içine alýar. Şeýle-de, grant Inçekesel boýunça Milli maksatnamanyň uzak möhletleýin durnuklylygyny hem-de geçişiň jemleýji tapgyryna, ýetilen üstünlikleriň institulaşdyrylmagyna hem-de Maksatnamanyň dolylygyna özýeterliliginiň ýola goýulmagyna ähmiýeti gönükdirmek bilen, onuň maliýeleşdirilmeginiň daşky çeşmelerinden garaşsyzlygyny üpjün eder. Grant Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen bilelikde durmuşa geçiriler.

“Bu taslama Türkmenistanyň köpçülikleýin saglygy goraýyş ulgamyna we durnuklylyga bolan berk ygrarlylygyny açyp görkezýär. Inçekesele garşy göreş boýunça Milli maksatnamanyň dolulygyna içerki maliýeleşdirilmegine geçişi özwagtyndaky we ýokary hilli anyklaýyş hem-de inçekeseliň ähli görnüşleriniň bejerilmegine ählumumy elýeterliligini üpjün etmek arkaly, ýurduň öňdebaryjylygynyň hem-de Türkmenistanda inçekeseli azaltmak borçlaryna ygrarlylygynyň subutnamasy bolup durýar. Bilelikdäki tagallalar bilen, biz her bir adamyny onuň ýerleşýän ýerine ýa-da ýagdaýlara garamazdan zerur kömege bolan elýeterliligini üpjün edip bileris, şol bir wagtyň özünde saglygy goraýşyň durnukly we adalatly ulgamyny döretmäge dowam ederis” – diýip, Türkmenistandaky BMG ÖM-iň hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.

BMG Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi birnäçe ýyllaryň dowamynda köpçülikleýin saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk alyp barýar. 2010-njy ýylda BMGÖM-iň Ýurt edarasy AIDS, inçekesele we malýariýa keseline garşy göreş boýunça Ählumumy gaznasyndan inçekesel boýuça grantyň esasy alyjysy bolup bellendi. Hyzmatdaşlyk döwründe BMG ÖM we TSGDSM umumy maliýeleşdirilmesi 37 mln amerikan dollara barabar bolan dört taslamany durmuşa geçirdi.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: