Iň täze habarlar

Gazagystanda 2025-nji ýyl Işçi hünärleriñ ýyly diýlip yglan edildi

27.12.2024 | 16:20 |
 Gazagystanda 2025-nji ýyl Işçi hünärleriñ ýyly diýlip yglan edildi

Gazagystanyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiñ permanyna laýyklykda, 2025-nji ýyl Işçi hünärleriñ ýyly diýlip yglan edildi.

Bu çözgüt ýurtda işçi hünärleriñ abraýynyñ ýokarlandyrylmagyna, tehniki we hünär bilim ulgamynyñ özgerdilmegine gönükdirilendir.

Gazagystanyñ hökümeti işçi hünärleriñ ýaýbañlandyrylmagyna we zähmet şertleriñ gowulandyrylmagyna ýardam edýän çäreleri işläp taýýarlamaly we durmuşa geçirmeli.

Kasym-Žomart Tokaýew öz halal zähmeti bilen üstünlik gazanýan adamlara hormat goýmak wajypdygyny hem-de olaryñ hünär ösüşi üçin şertleri döretmek zerur bolup durýandygy barada nygtap geçdi. Işçi hünärleriñ ýylynyñ yglan edilmegi ýokary taýýarlykly işgärleri taýýarlamagyñ zerurlygy bilen hem baglanyşykly. Bu bolsa ýurduñ ykdysady ösüşiniñ we maýa goýum çekilijigiñ esasy faktory bolup durýar.

ORIENT news

Foto: tengrinews.kz

Şeýle hem okaň: