Iň täze habarlar

Russiýanyň DIM-ni daşary ýurtlylaryň wiza boýunça galmak möhletini uzaltmagy teklip etdi

28.12.2024 | 12:30 |
 Russiýanyň DIM-ni daşary ýurtlylaryň wiza boýunça galmak möhletini uzaltmagy teklip etdi

Moskwa daşary ýurtlylaryň elektron wiza boýunça galmak möhletini 30 güne çenli uzaltmagyň üstünde iş alyp barýar diýip, RIA Nowosti beren gürrüňdeşliginde RF-iň DIM-niň Konsullyk departamentiniň direktory Alekseý Klimow habar berdi.

Dekabryň başynda Russiýa Federasiýasy raýatlary Russiýa bitewi elektron wiza boýunça gelip bilýän ýurtlaryň sanyny 64-e çenli giňeltdi. Sanawa Barbados, Butan, Zimbabwe, Iordaniýa, Keniýa, Papua-Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago, Türkmenistan, Eswatini ýaly ýurtlar girizildi. Sanawdan Serbiýa we Andorra aýryldy. Olar bilen raýatlaryň özara wizasyz gelmekleri barada ikitaraplaýyn ylalaşyklar baglaşyldy.

“Häzirki wagtda ministrlik tarapyndan bitewi elektron wizanyň hereket ediş möhletini 60 gije-gündizden 120-ä çenli uzaltmak babatda kanunçylyga üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem daşary ýurtly raýatyň Russiýada elektron wiza boýunça galmagyň rugsat berlen möhetini 16 gije-gündizden 30-a çenli uzaltmak barada iş alnyp barylýar” – diýip, diplomat belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu girizilen täzeçilikler ýurda syýahatçylyk, işewürlik, ynsanperwer we myhmançylyk maksady bilen gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sanynyň köpelmegine ýardam eder. Munuň bilen birlikde, “migrasiýa gözegçiligi hem-de Russiýanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplary ýeterli derejede saklanyp galar” diýip, Klimow belledi.

ORIENT NEWS

Foto: facebook.com

Şeýle hem okaň: