Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülen BMG-niň kararnamalary we resminamalary BMG-niň 6 dilinde neşir edilip ýaýradyldy
18.12.2024 | 13:45 |2024-nji ýylyň soňky çärýeginde Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalary we resminamalary Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resmi namasy hökmünde BMG-niň alty dilinde neşir edilip ýaýradyldy.
BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilşi ýaly, resminamalaryň arasynda aşakdakylar bar:
“Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy” atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň ady bir 64 belgili kararnamasy (resminama 79/5);
Gün tertibiniň 16 e), 18, 18a), 18 d), 26, 64 we 71 d) belgileri boýunça Durnukly ulag dostlaryň toparynyň ýokary derejeli duşuşyklarynyň jemleýji jarnamasy (resminama A/79/636);
Gün tertibindäki 16, 18i we 64 belgileri boýunça “Energetika özara baglanyşygyň gowulandyrylmagy: hyzmatdaşlyga ýardam etmek we durnukly ösüşi gazanmak” atly Halkara bilermenler mejlisiniň jemleýji hasabaty (resminama) A/79/594.
ORIENT news