Iň täze habarlar

Microsoft ekologiýa bolan ýaramaz täsiri peseltmek üçin “ýaşyl toplaýjylar” konsepsiýasyny hödürledi

30.12.2024 | 10:24 |
 Microsoft ekologiýa bolan ýaramaz täsiri peseltmek üçin “ýaşyl toplaýjylar” konsepsiýasyny hödürledi

Ekologiýa bolan ýaramaz täsiri peseltmek maksady bilen Microsoft korporasiýasy “ýaşyl toplaýjylar” (GreenSKUs) konsepsiýasyny hödürledi. Bu konsespsiýa hasapdan aýrylan serwer komponentleriniň gaýtadan ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

GreenSKUs başlangyjy bulutlaýyn hasaplamalar ulgamynda energiýanyň sarp edişiniň ösýän şertlerinde has wajyp bolup durýar. Ol eýýäm häzirden umumy dünýä sarp edişiniň 3 % golaýyny düzýär, 2030-njy ýyla çenli bolsa 20 % uglerod zyňyndylaryna çenli ýetip bilýär. GreenSKUs çemeleşmäni ulanmak bilen, zyňyndy derejesini 8 % azaldyp bolar.

Maksadyna ýetmek üçin Microsoft Waşington we Karnegi-Mellon uiwersitetleriniň alymlary bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Olar bilen bilelikde 3-5 ýyl bolan adaty hyzmat ediş möhletinden has köp hyzmat edip bilýän operatiw ýadynyň modulleri we berk jisimli ýygnaýjylar ýaly serwer komponentleriniň gaýtadan ulanmak usullary işläp taýýarlanylýar.

Geljekde peýdalanma üçin ulanylan serwer komponentlerini saýlap almak ulgamy üpjün edilýän çalt täsir etmegiň we energiýa sarp edişiniň derejesi ýaly ölçegleri öz içine alýar. Programma nukdaýnazardan şeýle “ikilenç” serwerler üçin olaryň üstünlikli baş çykaryp biljek hasaplaýyş güýçler saýlanyp alynýar.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: