Aşgabatda geçirilen “DevFest-2024” 400-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi
02.12.2024 | 23:50 |1-nji dekabrda “Arkaç” SDAM-iň “Iş Nokady” maslahatlar zalynda “DevFest-2024” atly işläp düzüjileriň (programmistleriň) festiwaly geçirildi.
“DevFest”, “Google”-yň howandarlygynda bütin dünýäde bolup geçýän esasy maslahatlar torunyň bir bölegidir.
Bu ajaýyp çäräni “Google Developer Groups” (GDG) atly ýerli jemgyýeti gurnaýjy bolup çykyş etdi.
Ýurdumyzda “Google Developer Group” we “Women Techmakers Ashgabat” 2019-njy ýylyň dekabrynda döredildi. Bu jemgyýetler meýletin esasda çärelere gatnaşýan ýaş we hyjuwly işläp düzüjileri birleşdirýär.
Geçen festiwalyň esasy maksady tehnologiýany, programmirlemegi we IT ulgamynyň ähli taraplaryny wagyz etmekden ybarat boldy. Bu ýyl häzirki zaman dünýäsinde has işjeňlige eýe bolýan emeli aňa aýratyn üns berildi.
Indan gorak çykyş eden spikerlar işjeň häsiýete eýe bolan mowzuklardaky bilimlerini we tejribelerini sany 400 diňleýjiden geçen gatnaşyjylar bilen paýlaşdylar.
Sessiýalar bir wagtyň özünde iki zalda, onlaýn we oflaýyn görnüşinde geçirildi.
Bu çärä 15-den gowrak meýletinçiniň uly goşant goşandygyny bellemek möhümdir.
ORIENT news