Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlaryň taslamalaryny kabul etdiler

01.12.2024 | 23:30 |
 Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlaryň taslamalaryny kabul etdiler

30-njy noýabrda, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň maslahatynda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Şeýle hem parlamentarlar Türkmenistan bilen Gazagystanyň Hökümetleriniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy we Türkmenistan bilen Mongoliýanyň Hökümetleriniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakyndaky Ylalaşygy tassykladylar. Mundan başga-da, Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda kararlar kabul edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda”, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, “Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda”, “Türkmenistanyň Halkara şertnamalary hakynda” ýaly käbir Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlary kabul edildi.

ORIENT

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: