Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdi

30.11.2024 | 08:50 |
 Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy birnäçe ylmy çäreleri geçirdi

2024-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ylmy eseriniň türk diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

28-nji noýabrda Ankara uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagyndaky tegelek stol görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň alymlary we ýazyjylary beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň hazynasyny baýlaşdyrmakdaky we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýüzinde tanalmagyndaky ägirt uly goşandy barada pikir alyşdylar.

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Ankara şäherindäki edara binasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanynyň bu ylmy eseri, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda, Türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýilip yglan edilmegine bagyşlanandyr. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu karar ýurdumyzyň halkara abraýynyň we türkmen halkynyň bütin adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhy we baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden dünýä ýaýmakdaky ähmiýeti hem nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda «Magtymguly Pyragy» ylmy-barlag Merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşanlaryň çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň parahatsöýüjilik ýörelgeleriniň dünýä edebiýatynyň hazynasyndaky orny we türkmen halkynyň milliligi baradaky düşünjelerine goşan goşandy bellenildi.

Şeýle hem, dabara gatnaşyjylar Merkezde ýerleşdirilen dürli ylmy neşirler, şahyryň sesli eserleriniň ýygyndylarynyň sanly görnüşleri, Türki dünýäsiniň alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we ömrüne bagyşlanan ylmy işleri bilen tanyşdylar. Täze Merkeziň açylmagy türkmen halkynyň baý medeni taryhyny ylmy taýdan öwrenmekdäki we ýaýbaňlandyrmagyna itergi berjekdigini hem aýratyn bellemeli.

Açylyş dabarasyndan soň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça türkmen-türk ylmy-barlag jemgyýetiniň ilkinji mejlisi hem geçirildi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: