Türkmenistanda Körpeje gaz gysyjy desgasy döwrebaplaşdyrylar
19.11.2024 | 09:00 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Körpeje gaz gysyjy desgasyny (GGD) döwrebaplaşdyrmak baradaky Karara gol çekdi. Bu Karar ýurduň gaz-ulag infrastrukturasynyň esasy desgalarynyň biriniň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegine gönükdirilen.
Bu baradaky mesele nobatdaky geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer Batyr Amanow “Türkmennebit” Döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalary, şol sanda Körpeje gaz gysyjy desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
2005-nji ýylda işledilip başlan Körpeje gaz gysyjy desgasy Balkan welaýatynyň Gögerendag-Ekerem nebit-gaz etrabyndaky ady bir ýatagynda ýerleşýändigini bellemek gerek. Onuň kuwwatlylygy ýylda 4 mlrd m3 barabardyr.