Iň täze habarlar

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýamagyň çäginde täze demir ýol stansiýalaryny gurar

16.11.2024 | 03:45 |
 Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýamagyň çäginde täze demir ýol stansiýalaryny gurar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň çäginde ýurduň dürli sebitlerinde täze demir ýol stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär, bu maddy-enjamlaýyn binýady berkitmekde we pudagyň işgärleri üçin iş şertlerini kämilleşdirmekder möhüm ädim bolar.

Döwlet Baştutany, Duşak we Bamy (Ahal welaýaty), Jebel (Balkan welaýaty) hem-de Baýramaly (Mary welaýat) demir ýol stansiýalaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Prezident Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna tassyklanan maksatnamanyň çäginde işleriň ýerine ýetirilmegini guramagy tabşyrdy.

Döwrebap demir ýol stansiýalary ýolagçylary we ýükleri daşamak üçin merkezi nokada öwrüler, söwdanyň, senagatyň we oba hojalynyň ösmegine kömek eder. Täze stansiýalar amatly syýahat şertlerini döreder we sebitleriň arasynda has netijeli özara gatnaşygy üpjün eder.

Stansiýalaryň gurulmagy we işlemegi, täze iş orunlaryny döreder we sebitlerde iş derejesini ýokarlandyrjak ökde hünärmenleriň çekilmegini talap eder. Häzirki zaman stansiýalary, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada esasy üstaşyr geçiriji merkez hökmünde ornuny güýçlendirer we ýurduň halkara ulag geçelgelerine goşulyşmagyna ýardam eder.

Demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen giňişleýin döwlet maksatnamasynyň bir bölegidir. Gurluşygyň täze tapgyry, ýurduň geljekdäki çagyryşlara taýýardygyny görkezýär we onuň sebitleýin hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde derejesini nygtaýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: