Iň täze habarlar

«Kamerata Aşgabat» topary «Nusgawy ýalkym» atly konsertine çagyrýar

17.04.2024 | 10:38 |
 «Kamerata Aşgabat» topary «Nusgawy ýalkym» atly konsertine çagyrýar

Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Kamerata Aşgabat» aýdym-saz topary tomaşaçylary 5-nji maýda «Watan» kinokonsert merkezinde geçiriljek «Nusgawy ýalkym» (Классический блеск) atly konsertine çagyrýar.

Konsertde şeýle hem Leýli Ökdirowa (soprano), Baky Dolyýew (akkordeon), Didar Ýomudow (goboý) we Begenç Moşşiýew (tenor) ýekelikde çykyş ederler.

Konsertiň geçiriljek senesi: 05.05.2024 (Ýekşenbe güni)
Wagty: 19:00
Salgy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi 46
Petekleri satyn almak üçin telefon belgiler: (+993 63) 20-60-40, (+993 64) 25-63-36

ORIENT news

Foto: Instagram

Şeýle hem okaň: