Iň täze habarlar

TMK döwürler boýunça saz syýahatyna çagyrýar: barokkodan başlap, XXI asyra çenli

20.05.2024 | 14:57 |
 TMK döwürler boýunça saz syýahatyna çagyrýar: barokkodan başlap, XXI asyra çenli

Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Mähri Dolyýewa solo konsert bilen çykyş eder. Konserwatoriýanyň uly mugallymy, «Altyn asyr» baýragynyň eýesi Näzik Saryýewanyň şägirdi köpugurly maksatnama hödürlär. Myhmanlar barokkodan başlap, XXI asyra çenli dürli döwürleriň sazlaryny, türkmenler, rus we ýewropaly kompozitorlar tarapyndan döredilen skripka üçin döredilen ajaýyp eserleri diňläp bilerler. Maksatnama Paganiniň, Bahyň, Çaýkowskiniň, Şapoşnikowyň, Şossonyň eserlerini öz içine alýar. Konsertmeýster Jeýhun Babaýew.

Konserte ösüp gelýän ýyldyz, halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, pianinoçy Jeýran Ysmaýylowa hem gatnaşar. Ol instrumental teatr stilinde ýazylan Aýna Şirowanyň Çagalar albomyny köpçülige hödürlär. Bu gezek goşgular türkmen dilinde ýaňlanar.

Konsert 21-nji maýda sişenbe güni Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda bolar. Konsert 18:00-da başlaýar.

ORIENT news

Foto: mariinsky.ru

Şeýle hem okaň: