Iň täze habarlar

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara informatika olimpiadasyna gatnaşarlar

15.04.2024 | 12:09 |
 Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara informatika olimpiadasyna gatnaşarlar

2024-nji ýylyň 15 – 20-nji apreli aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň guramagynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasy geçiriler. Şeýle hem olimpiadanyň çäklerinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.

Olimpiada gatnaşjak dürli ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýanyň birnäçe ýokary okuw mekdebi hem bardyr. Bu ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Kazan milli gözleg tehnologiýa uniwersiteti (KMGTU-KHTI) we Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň konsullyk etrabynda ýerleşýän akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli gözleg uniwersiteti bar.

Hususan-da, olimpiada KMGTU-KHTI -den 9 talyp, SamGU-dan bolsa 5 talyp gatnaşar.

HNGU-nyň berýän maglumatlaryna görä, olimpiada aýratyn ýaryşlar görnüşinde iki tapgyrda geçiriler. Olimpiada islendik hünärde we ugurda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp biler.

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň Aşgabatda geçirilýän Halkara informatika olimpiadasyna gatnaşmagy talyplaryň we mugallymlaryň beýleki ýurtlardan kärdeşleri bilen bilim hem-de tejribe alyşmaga ymtylýandyklaryny tassyklaýar. Şeýle çärelere gatnaşmak hünär derejesini ýokarlandyrmaga, tejribäni baýlaşdyrmaga we halkara gatnaşyklaryny berkitmäge, ylmy jemgyýetiň we bilimiň ösmegine goşant goşýar.

ORIENT news

Foto: kazan.tmconsulate.gov.tm

Şeýle hem okaň: