Iň täze habarlar

Hytaýyñ ykjam enjamlaryñ eýeleriniñ 56 % 5G ulgamyny ulanýar

23.12.2024 | 10:00 |
 Hytaýyñ ykjam enjamlaryñ eýeleriniñ 56 % 5G ulgamyny ulanýar

2024-nji ýylyñ noýabr aýynyñ ahyryndaky ýagdaýa görä, Hytaýda 1 mlrd adamdan gowragy 5G ulgamyny ulanýar. Bu bolsa ýurtda ykjam enjamlaryñ eýeleriniñ 56 % deñdir.

Ýylyñ dowamynda 180 täze ulanyjy goşuldy/ Bu bolsa häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryna ýokary isleg bildirilýändiginiñ görkezijisidir.

Hytaýyñ iri telekommunikasiýa kompaniýalary müşderi binýadyny ýokarlandyrmaga dowam edýärler. Iñ uly ösüşi China Mobile görkezip, onuñ 5G ulanyjylaryñ sany eýýäm 547 mln ýetdi. Bu bolsa geçen ýylkydan 118 mln köpdür. China Telecom we China Unicom ýylyñ dowamynda 60 mln 5G abonentleri goşdylar.

Tutuş Hytaý boýunça 5G esas stansiýalaryñ sany 4,191 mln ýetdi. Gündogar sebiti 1,856 mln stansiýasy bilen öndebaryjylygy eýeleýär, ikinji ýerde - merkezi we günbatar sebitleri.

Esas stansiýalary Pekin-Týanszin-Hebeý sebitlerinde hem-de Ýanszy derýasynyñ deñze guýýan ýerinde gurlup, olaryñ umumy sany 1,2 mln deñdir.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: