Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Ýalda baýramy bellendi
20.12.2024 | 21:10 |20-nji dekabrda Aşgabatdaky Eýranyň ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezinde Şab-e Ýalda ýa-da “Ýalda gijesine” bagyşlanan baýramçylyk agşamy geçirildi. Bu Eýranyň baýramy, ýylyň iň uzyn we garaňky gijesinde ýagny 20-nji dekabrda gün ýaşandan 21-nji dekabrda gün dogýança bellenilýär.
Medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasuli we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbekhani myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Bu gadymy baýramçylyk bilen ýygnananlary gutladylar we medeni däp-dessurlary gorap saklamagyň möhümdigini bellediler.
“Ýalda” sözi “täzeden dogulmak” we “doglan gün” manylaryny berýär we Gün bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýalda barada aýdanymyzda, eýranlylar ýylyň iň uzyn gijesinden soň günüň dogmagyna, günleriň has uzynlaşmagyna we ylahy ýagtylygyň güýçlenjekdigine ynanýarlar.
Çärä diňe bir eýran diasporasynyň wekilleri däl, eýsem pars dilini öwrenýän talyplar, eýran medeniýeti bilen gyzyklanýan paýtagtyň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy.
Geçirilen agşamyň çäklerinde ýaş zehinler aýdym-saz kompozisiýalaryny ýerine ýetirmek we pars dilinde goşgy okamak bilen öz ukyplaryny görkezdiler.
Ýaş artisrler, gülki sahnasynyň wekilleri baýramçylyk äheňini dowam etdirip, şatlyk-şowhuny has-da artdyrdylar.
Dabaranyň dowamynda ähli myhmanlara eýran milli tagamlaryny hödürlendi. Bu bolsa agşamyň esasy pursady boldy.
ORIENT News