Täjigistan: GDA-da hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary we Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar
21.12.2024 | 16:00 |Täze ýylyň öňisyrasynda, ORIENT öňki neşirlerimiziň gahrymanlary bilen bilelikde dostlukly döwletleriň ilçileri bilen geçirilen söhbetdeşliklerini we synlaryny jemleýär.
Şu gün ORIENT web sahypasynyň myhmany Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niýatbekzoda.
Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy, GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygynyň geljegi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegini kesgitleýän meýilnamalar barada pikir alyşdyk.
– Jenap ilçi, Täjigistan sebit syýasatynda has möhüm orny eýeleýär we 2025-nji ýylda siziň ýurduňyz Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň başlyklygyny öz üstüne alar. GDA-nyň başlygy hökmünde Täjigistanyň öňünde haýsy wezipler durýar?
– Täjigistan Respublikasy, garaşsyzlygyny alanyndan bäri halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, daşary ýurtlar we sebit birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär.
Köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň hususanda Täjigistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara, sebitara we sebitleýin guramalaryň çäginde alyp barýan işlerini belläsim gelýär.
Täjigistan Respublikasy GDA-nyň çägindäki gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berýär. Dogry belläp geçişiňiz ýaly, 2025-nji ýylda biziň ýurdumyz Arkalaşygyň başlygy bolar, bu Döwlet baştutanlary geňeşiniň, Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlislerini geçirmegi we GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy öz içine alýar.
Täjigistanyň başlyklygy GDA-nyň işini kämilleşdirmek barada meselesini ara alyp maslahatlaşmaga başlaýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda anyk teklipleri taýýarlamak üçin Täjigistanda we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite geňeşmeler guramak meýilleşdirilýär.
– Ýurduňyzyň başlyklygynyň maksatlary barada haýsy ugurlary belläp bilersiňiz?
– Başlyklygymyzy iň möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilik hökmünde görýäris. Ilki bilen, hakykatdanam amaly zerurlyklary kanagatlandyrmak we ähli gatnaşyjylaryň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen GDA ýurtlarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlykdyr.
Şeýle hem, GDA-nyň işini täze çagyryşlara uýgunlaşdyrmak isleýäris: iş usullaryny we görnüşlerini gözden geçirmek, geljegi öwrenmek we amaly teklipleri taýýarlamak üçin ylmy guramalary çekmek.
Mundan başga-da, abraýyny ýokarlandyrmak we beýleki halkara guramalary bilen aragatnaşyk gurmak maksady bilen GDA-nyň halkara giňişlikdäki ornuny güýçlendirmek möhüm wezipe bolar.
GDA-nyň çäginde bar bolan kararlary we ylalaşyklary täzelemegi we kämilleşdirmegi meýilleşdirýäris, şeýle hem ynsanperwer ulgama üns bermek: medeniýet, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyşdaky gatnaşyklary berkitmek.
Elbetde, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun söwdasyna, ýarag söwdasyna, adam söwdasyna we beýleki çagyryşlara garşy göreşde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin işläris. Şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň maglumat giňişligini goramak möhümdir.
– Arkalaşygyň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak barada aýtdyňyz. Munuň üçin nähilli işler ediler?
– GDA-nyň dünýä giňişligindäki oňyn keşbini güýçlendirmek esasy meseleleriň biri diýip hasaplaýarys. GDA üstünlikli integrasiýa birleşigi hökmünde kesgitlenýär we Arkalaşygyň BMG, onuň ýöriteleşdirilen guramalary şeýle hem sebit birleşikleri – ŞHG, KHŞG, ÝYB we beýlekiler bilen gatnaşyklaryny giňeltmek möhümdir.
Esasanam BMG-de, Baş Assambleýanyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde, GDA taryhynda ilkinji gezek GDA bilen BMG guralar özara gatnaşyklara bagyşlanan ýokary derejeli çäräniň we belläp geçmek isleýärin. Aýratyn belläsim gelýär, BMG-niň meýdançasynda Baş Assambleýanyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde GDA-nyň taryhynda ilkinji gezek GDA bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanan ýokary derejeli çäre guralar.
Mundan başga-da, BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky indiki Baş Assambleýanyň kararyny kabul ederis. Bu, GDA-nyň halkara hyzmatdaş hökmünde ähmiýetini nygtajak we dünýä giňişliginde ornuny berkitjek möhüm ädimdir.
– Geliň, has içgin seredeliň - Täjigistanyň başlyklygynyň çäginde ykdysady we senagat ugurlarynda haýsy möhüm meseleler çözüler?
– Ykdysady urgurda, GDA-nyň Ykdysady Ösüş Strategiýasynyň ikinji tapgyryny (2026–2030) durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň giňişleýin taslamasyny taýýarlamaga gönükdireris. GDA agza döwletleriniň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrjak dünýä ülňülerini we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, özara söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmak, üpjün edilýän harytlaryň görnüşini giňeltmek, dünýä standartlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berler.
Senagat pudagynda esasy üns maglumat alyşmak we öňdebaryjy tejribe alyşmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, täze tehnologiki ugurlary ösdürmek, şeýle hem önümçilik toparlaryny döretmek bolar. Bu çäreler, ýokary goşmaça gymmaty bolan, şol sanda üçünji ýurtlaryň bazarlaryna gönükdirilen innowasiýa önümleriniň önümçiliginiň we eksportynyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Agyr senagatda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin tagallalar GDA-nyň agza döwletleriniň agyr maşyn gurluşyk pudaklaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygy baradaky Ylalaşygyň Hökümet Baştutanlary geňeşinde ylalaşmak we kabul üçin ugradylar. Bu resminamanyň işlenip düzülmegi hem Täjigistanyň başlangyjydyr.
– Energetika we ulag pudagynda haýsy işler meýilleşdirilýär?
– Energetika pudagynda, tehnologiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektroenergiýany öndürmegiň ekologiýa taýdan has arassa usullaryna geçmäge we gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden peýdalanmagyň paýyny artdyrmaga üns berýäris.
Ulag pudagynda tagallalar infrastrukturany gowulandyrmaga gönükdiriler: awtomobil we demir ýollaryň taslamalaryny düzmek, gurmak we durkyny täzelemek, halkara üstaşyr gatnawdaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we aç-açan nyrh syýasatyny döretmek. Bu nukdaýnazardan, Ýol gurluşykçylarynyň Hökümetara geňeşiniň, Utgaşdyryjy ulag ýygnagynyň we Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň işine goldaw bermek dowam etdiriler.
Aýratyn belläsim gelýär, GDA-nyň intermodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak strategiýasynyň taslamasynyň işe girizilmeginiň üstünde işleriň başlandygyny bellemek isleýärin. Bu tapgyrda BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we durmuş komissiýasynyň tejribesi ulanylar.
– Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselesi islendik halkara, sebitleýin, milli gün tertibinde esasy orny eýeleýär...
– Elbetde, ol biziň Arkalaşyga başlyklyk etmegimiziň gün tertibinde-de bar.
Ekologiýa ulgamynda, GDA-nyň her bir döwletiniň tebigy baýlyklary - ýer, ýerasty baýlyklary, tokaýlary, suwlary şeýle hem ösümlik we haýwanat dünýäsini ulanmakda esasy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ylalaşylan standartlary we ekologik kadalaryny ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi meýilleşdirýäris.
GDA ýurtlarynyň ilatynyň arasynda düşündiriş çärelerini geçirmäge aýratyn üns berler. Jemgyýetçilik aňynyň ähmiýetini we ekologiýa meselelerini çözmekde tutýan ornuny bellemek isleýäris
2025-nji ýylyň Buzlary goramak ýyly diýip yglan edilmegini göz öňünde tutup, Täjigistan suw başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirer. Biz buzluklaryň arassa agyz suwunyň esasy çeşmesidigine düşünýäris.
Şunuň bilen baglylykda täjik tarapy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 2025-nji ýylda Döwlet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde buzluklary goramak baradaky ýörite beýanynyň kabul edilmegi başlangyjyny öňe sürýär. Bu durmuş ähmiýetli çeşmäni habardar etmek we gorap saklamak ugrunda möhüm ädimdir.
– Size ýene bir sorag bermäge rugsat ediň, Täjigistan özüniň başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň ähli ýurtlaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny nähilli üpjün etmegi göz öňünde tutýar?
– Biziň başlyklygymyz, BMG-niň Tertipnamasynda, şeýle hem GDA-nyň esasy resminamalarynda görkezilen halkara hukugynyň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanar. Biz yzygiderlik we her gatnaşyjy döwletiň pikirlerine hormat goýmak ýörelgelerine eýerýäris.
Syýasy, ykdysady, senagat, energetika, ulag, ekologiýa we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ileri tutmak bilen, biz Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini we olaryň gatnaşmak derejesini göz öňünde tutarys.
Maksatnamamyza has doly düşünmek üçin biz 2025-nji ýylda Täjigistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny hem-de durmuşa geçirmek üçin 113-e golaý bendi we hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan Hereketleriň meýilnamasyny taýýarladyk.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylda bilelikde ýolbaşçylyk etjek we 2026-njy ýylda başlyklyk etjek Türkmenistan ýaly GDA ýurtlarynyň hemmesi bilen ýakyndan işleşmek niýetimiz bar. Şeýle hyzmatdaşlyk maksatlarymyza has netijeli ýetmäge mümkinçilik berer.
– Jenap Ilçi, geliň bu ýerde Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara geçeliň. Siz 2024-nji ýylda olaryň ýagdaýyna nähili baha bererdiňiz? Siziň pikiriňizçe haýsy möhüm wakalar olaryň güýçlenmegine goşant goşdy?
– 2024-nji ýylyň Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýene bir öňe ädim bolandygyny bellemek ýakymly. Biziň ýurtlarymyzy gadymy medeni we taryhy gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şonuň esasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary işjeň ösdürmegi dowam etdirdiler. Dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň ählumumy derejede üýtgeýän şertlerinde, biz özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky umumy islegimizi görkezýäris.
Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji aprelde Täjigistana bolan resmi sapary ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.
Saparyň çäginde Parahatçylygy we milli jebisligi esaslandyryjy, Milletiň Lideri, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Emomali Rahmon bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Şahsy söhbetdeşliklerinde ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk pugta gatnaşyklary tassyklandy. Liderler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda we Premýer-ministr Kohir Rasulzoda bilen duşuşyklar geçirdi.
Biziň hyzmatdaşlygymyzyň binýadyny berkiden, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk-şertnamalarynyň üstüni ýetiren täze resminamalara gol çekmegi, bu duşuşyklaryň netijesi boldy.
– Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni alyş-çalyş derejesine Siz nähili baha berýärsiňiz? Bu ugurda haýsy wakalary belläp bilersiňiz?
–Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk boýunça 2024-nji ýyly baý we netijeli diýip atlandyryp bolar. Esasy wakalaryň biri, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň çäginde 3-5-nji aprel aralygynda Duşanbe şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri boldy.
Bu maksatnama giň gerime eýe boldy: Sadriddin Aýni adyndaky Döwlet opera we balet teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti, Täjigistanyň Milli muzeýinde halk senetleriniň we Türkmenistanyň suratlarynyň sergisi, Täjigistan Ylymlar akademiýasynda ylmy intelgensiýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Aýratyn pursat, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Maksatnama, ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Dostluk agşamy” gala konserti bilen tamamlandy.
Ýene-de bir möhüm wakalaryň biri, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Emomali Rahmonyň 11-nji oktýabrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana eden sapary boldy. Öz çykyşynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetine ünsi çekdi we halklary ýakynlaşdyrmak üçin medeni hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.
Magtymguly Pyragynyň hormatyna Täjigistanda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda onuň adyny göterýän orta mekdebiň açylmagy ýaly birnäçe çäräniň geçirlendigi bellärliklidir. Öz gezeginde Aşgabatda Magtymgulnyňy adyny göterýän täze seýilgähde täjik şahyry Saýido Nasafiniň ýadygärligi oturdyldy.
Halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşanlary Täjigistan bilen Türkmenistany birleşdirýän umumy medeni binýady nygtaýar.
– 2024-nji ýylda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hökümetara hyzmatdaşlygyň netijelerine, şol sanda ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryna nähili baha berýärsiňiz?
– 2024-nji ýyl, türkmen-täjik hökümetara dialogy berkitmek üçin hakykatdanam möhüm ýyl boldy. Hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösendigini belläsim gelýär.
Esasy wakalaryň arasynda Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşmak üçin maý aýynda Türkmenistana eden sapary bar. Şeýle hem Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşan Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzodanyň sapary bellärliklidir.
Güýzde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmak üçin Täjigistanyň Medeniýet ministri Matlubahon Sattoriýonyň saparlar boldy, şeýle hem Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş bilen üpjünçiligi ministri – GDA-nyň Zähmet, migrasiýa we durmuş goraglylygy boýunça konsultatiw geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Täjigistanyň beýleki dürli ulgamlarynyň ýolbaşçylary çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňligine şaýatlyk etýär.
16-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň 13-nji mejlesini aýratyn bellemek isleýärin. Taraplar geçen mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler we pudak edaralaryna anyk görkezmeler berdiler.
Bu wakalaryň hemmesi Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hökümetara hyzmatdaşlygyň diňe bir işjeň ösmän, eýsem hakyky netijeleri berýändigini, gatnaşyklarymyzy pugtalandyrýandygyny we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasyny döredýändigini görkezýär.
– Iň soňky sorag. Geçip barýan ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösüşine nähili häsiýetlendirip bilersiňiz?
– O, bu gaty möhüm sorag. 2024-nji ýylda daşary syýasat edaralarymyzyň arasyndaky örän işjeň dialoga syn etdik. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda, noýabr aýynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde möhüm syýasy geňeşmeler geçirildi. Iki tarap hem öz gezeginde gatnaşyklarymyzy has-da berkitmäge gyzyklanma bildirdi.
Ozal oktýabr aýynda iki ýurduň Daşary işler ministrliginiň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda daşary syýasaty meýilleşdirmek, konsullyk we hünärmenleriň işi boýunça geňeşmeler geçirildi.
Umuman aýdanyňda, 2024-nji ýyl täjik-türkmen gatnaşyklarynyň ösýändigini ýene bir ýola aýdyň tassyklady. Syýasy dialogyň ýokary derejesi, dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk we halkara giňişlikdäki özara goldaw ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de berkitmek üçin berk esas döredýär. Geljege umytly garaýarys we hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde täze üstünliklere garaşýarys.
– Jenap ilçi, biz üçin wagt tapyp, söhbetdeş bolanyňyz üçin Size ullakan sag bolsun aýtýaryn. Siziň möhüm işiňizde üstünlik arzuw etýäris we Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Bekdurdy AMANSARYÝEW