Iň täze habarlar

BAE-niñ Diplomatik akademiýasynda türkmen diplomatlary üçin okuwlar geçirildi

21.12.2024 | 12:35 |
 BAE-niñ Diplomatik akademiýasynda türkmen diplomatlary üçin okuwlar geçirildi

Birleşen Arap Emirliklerindäki Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda (AGDA) 9-12-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklar institutynyñ mugallymlary we talyplary üçin okuwlar geçirildi. Türkmenistandaky BAE-niñ ilçihanasynyñ hemaýaty bilen guralan bu okuw BAE-niñ syýasaty, medeniýeti we ykdysadyýeti boýunça diplomatik taýýarlyga bagyşlanyldy.

Maksatnamanyñ çäginde gatnaşyjylar dürli mowzuklar boýunça bilermenleriñ sapaklaryny diñlediler: BAE-niñ taryhy we medeniýeti, howanyñ üýtgemegi, ýurduñ daşary syýasaty we ykdysadyýeti. Okuwlar Onuñ Alyhezreti doktor Said Al Şamsiniñ sapagy bilen başlap, Mustafa Baýuminiñ, Obaid Al Dhanhaniniñ we doktor Sara Çehabyñ nutuklary bilen dowam etdi.

1

Abu-Dabiniñ Luwry we Kasr Al Watan prezident köşg ýaly taryhy we medeni ýadygärliklerine guralan ekskursiýalar maksatnamanyñ möhüm bölegini düzdi. Şeýle-de talyplar ADNOC Milli nebit kompaniýasyna baryp gördüler, ol ýerde BAE-niñ we Türkmenistanyñ arasyndaky söwda mümkinçilikleri we maýa goýum gatnaşyklary barada öwrendiler.

2

Geçirilen okuwlar gatnaşyjylaryñ BAE-niñ syýasy, ykdysady we medeni durmuşy baradaky bilimlerini çuñlaşdyryp, medeniýetara gatnaşyklaryñ we diplomatik protokolyñ ösdürilmegine ýardam berdi. Gatnaşyjylar maksatnamanyñ guramaçylaryna minnetdarlyklaryny bildirip, bilim we diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek islegini beýan etdiler.

Foto: iirmfa.edu.tm

Şeýle hem okaň: