Iň täze habarlar

Döwlet haryt çig-mal biržasynda ýeňil senagatyň önümleri, gurluşyk serişdeleri we türkmen halylary satyldy

29.11.2023 | 11:39 |
 Döwlet haryt çig-mal biržasynda ýeňil senagatyň önümleri, gurluşyk serişdeleri we türkmen halylary satyldy

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwda geleşiklerinde ýeňil senagatyň önümleri, gurluşyk serişdeleri we türkmen halylary satyldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür toparlaryň wekilleri türkmen kärhanalary bilen kreton görnüşli aşgarlanmadyk matany satyn almaga geleşik baglaşdylar.

Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen "PS 400-G20-K" görnüşli portland sementi satyn almaga geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanly telekeçiler bolsa türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Umuman, sişenbe güni geçirilen söwdalaşyklarda jemi bahasy 5 million 970 müňden we 1 million 100 müň amerikan dollaryndan gowrak bolan 5 söwda geleşigi baglaşyldy.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: