Iň täze habarlar

Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin: 2025-nji ýylda Russiýa we Türkmenistana täze üstünlikler garaşýar

18.12.2024 | 13:32 |
 Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin: 2025-nji ýylda Russiýa we Türkmenistana täze üstünlikler garaşýar

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Russiýanyň Ilçisi Iwan Wolynkiniň gatnaşmagynda metbugat-maslahaty geçirildi, oňa Russiýanyň we Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ilçi türkmen-rus gatnaşyklarynda 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça gysgaça çykyş edip:

– Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň otuz ýyldan gowrak taryhynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan aýratyn, berk baglanyşyklar emele geldi. Muny 2022-nji ýylda biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilen Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamasy tassyklaýar.

Döwletara gatnaşyklar toplumynyň ösüşine oňyn täsir edýän iň möhüm faktor, iň ýokary derejedäki yzygiderli rus-türkmen dialogydyr. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow maý aýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere we oktýabr aýynda iki gezek – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşmak üçin hem-de Kazan geçirilen “BRICS goşmak”/“autriç” formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa üç gezek bardy.

Bilşiňiz ýaly oktýabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Mundan başga-da, GDA-nyň döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Sankt-Peterburgdaky däp bolan resmi däl ýygnagynyň çäginde 2024-nji ýylyň dekabrynda ýolbaşçylarymyzyň ýene bir duşuşygy meýilleşdirilýär.

Wladimir Wladimirowiç Putiniň birnäçe gezek belläp geçişi ýaly, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ynamly dialog, türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulýewiç Berdimuhamedow tarapyndan döredildi we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşmagyny dowam etdirýär. 2024-nji ýylyň dowamynda Gahryman Arkadag Russiýa Federasiýasynyň ýokary wezipeli adamlary bilen yzygiderli söhbetdeş boldy ýagny maý aýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” atly XV halkara ykdysady forumynyň geçirilen ýeri bolan Kazanda saparda boldy şeýle-de Aşgabatda Rus wekiliýetleriniň ýolbaşçylary mähirli kabul etdi.

2024-nji ýylyň mart aýynda biziň ýurdumyz üçin iň möhüm wakalardan biri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegi boldy. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 144 ýurtda 288 saýlaw uçastogy açyldy. Türkmenistanyň bäş şäherinde (Aşgabat, Türkmenbaşy, Mary, Türkmenabat we Daşoguz) 2700-den gowrak saýlawçy ses berişlige gatnaşdy.

1.jpg

Öň hem belläp geçişim ýaly, 2024-nji ýylda halkara gün tertibinde, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, BRICS +, ŞHG + “meýdançalarynda”, şeýle “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady”, “Russiýa — Yslam dünýäsi” we Sankt - Peterburg Halkara ykdysady forumy ýaly halkara forumlaryň çäginde, döwletara birleşikleriniň mejlislerinde möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen türkmen tarapy bilen ýakyndan dialogy saklady. Mundan başga-da, hökümet, kanun çykaryjy guramalar we daşary işler ministrlikleri derejesinde dürli ikitaraplaýyn aragatnaşyklar we syýasy geňeşmeler geçirildi.

Russiýada 2024-nji ýylda başlyklyk etmeginde GDA-nyň çägindäki ýurtlarymyzyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy bilen sebit gün tertibini öňe sürmäge ýardam etdi. Bu döwürde, türkmen ýolbaşçylarynyň myhmansöýerligi netijesinde Arkalaşygyň çäginde birnäçe çäreler üstünlikli geçirildi. Şeýlelik bilen, 24-nji maýda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Wladimirowiç Mişustiniň gatnaşmagynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Bu mejlisiň dowamynda Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan etmek biragyzdan kabul edildi, 2025-nji ýylda Arkalaşyga Täjigistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, bilelikdäki iş meýilnamasy beýan edildi, onda Russiýa bilen Türkmenistan bilelikde başlyklyk etmek wezipeni ýerine ýetirer.

Birleşen Milletler Guramasy, halkara meselelerinde Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky özara gatnaşyklar üçin esasy meýdança bolup galdy. Russiýa, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň we Durnukly ulagyň dostlary toparlarynyň işine gatnaşdy we BMG-niň Baş Assambleýasynda Aşgabat tarapyndan teklip edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama”, “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”; atly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry Hazar sebitiniň ösüşi. Ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek, Hazar deňzinde ählumumy howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşmek üçin, Hazar “bäşliklerine” gatnaşyjy ýurtlarynyň duşuşyklaryny guramakda we geçirmekde möhüm orny eýeleýän türkmen tarapy bilen ynamly dialogy geçirýäris.

Ýurtlarymyz parlamentara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. 2024-nji ýylyň dowamynda rus senatorlarynyň wekiliýetleri kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin iki gezek Türkmenistana sapar bilen geldi.

Sebitara gatnaşyklar Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orna eýedir. Russiýanyň subýektleriniň arasynda Tatarstan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan we Çelýabinsk sebitleri türkmen kärdeşleri bilen özara gatnaşykda öňdeligi eýeleýär.

Ynsanpewer hyzmatdaşlyk işjeň ösýär. Häzirki wagta çenli Russiýanyň uniwersitetlerinde Türkmenistandan 47 müňden gowrak talyp okaýar. Türkmen ýaşlarynyň arasynda iň meşhurlary Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan, Astrahan, Wolgograd, Saratow we Don boýundaky Rostowdaky bilim edaralarydyr. Aşgabatda rus-türkmen uniwersitetini döretmek we işlemegiň şertleri baradaky hökümetara ylalaşygyň taslamasy ösüşiň soňky tapgyrynda.

Bu ýyl Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Türkmenistandan talyplyga dalaşgärleriň Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda federal býudjetiň hasabyna okamak üçin kwotasy iki esse artdyryldy. Ol 500 ýer boldy we bu görkeziji 2025/2026 okuw ýylyna kabul ediş döwründe saklanar.

2002-nji ýyldan bäri hereket A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebi, ýurduň iň abraýly umumybilim berýän mekdepleriň biri hasaplanýar. Başlangyç synp okuwçylary üçin täze mekdep binasyny gurmak üçin zerur bolan tassyklama amallary soňky tapgyrda. Gurluşygynyň indiki ýylda başlamagyna garaşýarys.

Şu ýyl Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan, Astrahan we beýleki şäherlerde türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. 30-njy sentýabrda M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň atriumynda Russiýanyň paýtagtynda şahyryň ilkinji heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi. Ondan öň, 17-nji maýda Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda rus edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň ýadygärligi açyldy.

Umuman alanyňda, 2024-nji ýyl ynsanperwer ugurda bilelikdäki taslamalar üçin netijeli ýyl boldy. Ilçihanada 130-dan gowrak çäre geçirildi, oňa 12 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Russiýa ozalkysy ýaly Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biridir. Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyny üstülikli işleýär. Şeýlelik bilen, 30-njy oktýabrda ussiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk egindeş başlyklarynyň duşuşygyny geçirmek üçin Aşgabat şäherinde saparda boldy. Saparyň dowamynda ol 2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň 58% ýokarlandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyny ösdürmegiň üstünde işleýän ulag edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde demir ýol arkaly eksport, import we üstaşyr daşamalaryň mukdary birnäçe esse artdy we ýük akymlaryny dolandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar.

Häzirki wagtda rus kapitalynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda 190 töweregi ykdysady subýektleri işleýär. Olaryň arasynda “Gazprom” AGPJ, “Kamaz” AGPJ, “Wozrojdenie TG” AGPJ, “Tatneft” AGPJ, “TMK” AGPJ we beýleki iri rus kompaniýalarynyň wekilhanalary we şahamçalary bar.

2024-nji ýylyň ahyrynda konsullyk bölüminiň işiniň gowy statistik görkezijilerine garaşýarys. 1-nji dekabra çenli 109 müňden gowrak wiza berildi, şolardan 30 ýarym müň adam bilim üçin, 58 müňüsi syýahatçyk üçin wizalar. Bu sanlar 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 50% ýokary we berlen syýahatçylyk wizalarynyň sany 60% -den gowrak artdy.

Raýatlara amatly bolmagy üçin, elektron nobat portalynyň üsti bilen wagt bellemek mümkinçiligini yzygiderli giňeltdik. Bu ulgamyň gowy düzülmegi we konsullyk bölüminiň oňat utgaşdyrylan işi netijesinde konsullyk kabul edişiniň ortaça garaşmak wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi.

2024-nji ýylyň rus-türkmen gatnaşyklary üçin örän täsirli ýyl bolandygyny bellemek bolar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Gurbangulýewiç Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gurbanguly Mýalikgulýewiç Berdimuhamedowa rus-türkmen dostlugynyň ösmegine goşan goşandy üçin minnetdarlygymy bildirýärin.

Ilçihananyň netijeli işleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki kärdeşlerimiziň doly goldawy bolmazdan mümkin bolmazdy. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri, hormatly Raşid Meredowa minnetdarlyk bildiresim gelýär.

Geljek 2025-nji ýylda dogan halklarymyzyň gülläp ösmegi üçin Russiýanyň we Türkmenistanyň täze üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: