Türkmenistanlylar Täze ýyl arçasyny bezemekde howpsuzlyk düzgünleri barada ýatladýan gysga habar maglumaty aldylar
21.12.2024 | 10:33 |Türkmenistanyñ Içeri işler ministrliginiñ Ýangyn howpsuzlyk gullugy TMCELL abonentlerine Täze ýyl arçasyny bezemekde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekleri barada gysga maglumat arkaly habar etdi.
Türkmenistanyñ raýatlaryna Täze ýylyñ nyşany bolan arçanyñ golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmaly däldigini, şeýle hem baýramçylykydan öñ we baýramçylyk günlerinde kiçi ýaşly çagalary öyde ýeke galdyrmaly däldigini hem ýatlatdylar.
ORIENT news