Samsung
wakalar
13.10.2022 23:30
1766
“XXI asyryň Aziýanyň asyry boljakdygy baradaky çaklama häzirki wagtda hakykata öwrüldi. Aziýa jemi içerki önüm (JIÖ) we satyn alyjylyk ukyby boýunça dünýäniň ykrar edilen ykdysady liderine öwrüldi. Bu barada şu gün, 13-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI sammitiniň açylyşynda eden çykyşynda aýtdy” – diýip, EAdaily ýazýar.
13.10.2022 19:52
1133
12-nji oktýabrda Astanada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň başlyklyk etmeginde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
12.10.2022 04:52
1447
26-njy oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy" XXVII Halkara maslahaty we şol at bilen üç günlük sergi açylar.
12.10.2022 02:03
1551
Duşenbe güni Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Astanada şu hepde garaşylýan ýokary we iň ýokary derejedäki halkara wakalar barada brifing geçirdi.
07.10.2022 00:15
966
Moskwada Russiýa federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň, Azerbaýjanyň premýer-ministri Ali Asadowyň, Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailowyň, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammat Mohberiň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň gatnaşmagynda gysga düzümde II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
03.10.2022 20:05
1637
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň wekiliýeti şenbe güni Aşgabat şäherine gaýdyp geldi.
01.10.2022 02:02
1379
“Gowy habar bilen paýlaşmak isleýärin. Ozal synçy bolan Türkmenistan hem Türki döwletleriň guramasynyň dolyhukukly agzasy bolar" – diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu Pamukkale uniwersitetinde ýaşlar bilen bolan duşuşygynda aýtdy – diýip, penşenbe güni “Anadolu” agentligi habar berdi.
30.09.2022 22:34
1371
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça meýilnamalary işläp düzmek Sankt-Peterburgyň we Çelýabinsk oblastynyň hökümet agzalaryndan düzülen Russiýanyň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boldy.
30.09.2022 22:22
1053
Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Birleşiginiň ilçisi Diego Ruis Alonso bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
30.09.2022 21:58
1043
Türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Buharest şäherinde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň (HEB) maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu ýerde guramanyň täze ýolbaşçysy Dorin Bogdan-Martin saýlandy diýip, HEB-niň saýty habar berýär.