Samsung

Wideo

16.11.2022 01:30
2858
Aýdogdy Atabaýewiň sportda gazananlarynyň, atlarynyň we beýleki üstünlikleriniň sany köp. Ony ýurdumyzyň sport toparlarynda at gazanan tälimçi we Türkmenistanyň baş tälimçisi hökmünde oňat tanaýarlar. Dünýä derejesindäki taekwondo toparlarynyň arasynda bolsa 8-nji dan gara guşagyň we “ Taekwondo (ITF) boýunça dünýäniň iň oňat tälimçisi” diýen hormatly adyň eýesi, Taekwondo boýunça Aziýa federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy hem-de “A” derejeli halkara emin, şeýle hem halkara instruktor hökmünde tanalýar.
14.11.2022 20:00
1177
"Türkmentel-2022" Halkara konferensiýasyna gatnaşanlaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bardy. Olaryň arasynda Owganystandan gelen wekiliýet hem bar. ORIENT türkmen-owgan gatnaşyklary mowzugyna degişli köp maglumat çap etdi. Goňşy halklarymyz diňe bir gadymy gatnaşyklara eýe bolman, eýsem häzirki döwürde olary üstünlikli ösdürýärler.
14.11.2022 15:27
1181
Maglumat kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) ulgamynda intellektual enjamlary we düzümleýin çözgütleri dünýä derejesinde esasy öndüriji bolan Huawei kompaniýasy Türkmenistanda maglumatlary işleýän uly merkezi gurmagy maksat edinýär.
14.11.2022 01:03
1308
Telearagatnaşyk, we maglumat tehnologiýalary boýunça “Türkmentel — 2022” atly halkara maslahaty öz işini tamamlady. Ýöne, oňa gatnaşanlaryň aýdyşy ýaly, olar myhmansöýer türkmen topragynda kärdeşleri bilen bolan duşuşyklary uzak wagtlap ýatlarlar.
12.11.2022 22:00
3653
Aşgabatda "TürkmenTel-2022" XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady, onuň öňüsyrasynda "Sanly çözgüt-2022" atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, forumyň dowamynda bolsa bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
12.11.2022 01:40
927
Şu günler Aşgabatda halkara telekommunikasiýa jemgyýetçiligi “Türkmentel-2022” sergisine hem-de MKT ulgamynda esasy hünärmenler we düzgünleşdirijiler üçin adybir maslahata gatnaşýarlar. Olar bu ulgamdaky wajyp meseleleriň üstünde pikir etmek, olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek hem-de täze aragatnaşyklary ýola goýmak üçin bu ýere ýygnandylar.
07.11.2022 21:10
1424
Prezident Baýden Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň goňşy döwletleri hem-de beýleki ýurtlary üçin howpa öwrülmezligi ugrunda işlejekdigini aýtdy.
01.11.2022 14:35
1708
Howly we balkon mebellerini özboluşly görnüşlerini satmaga ýöriteleşen Bossan concept kompaniýasy 24-nji oktýabrdan başlap Aşgabatda täze ýyl agaçlaryny, täze ýyl arçalarynyň oýnawaçlaryny we şol baýramçylyga dahylly bolan beýleki harytlarynyň dürli görnüşleriтш satuwa çykardy.
26.10.2022 22:36
1481
Aşgabatda 45 ýurtdan 206 kompaniýanyň, şeýle-de döwlet edaralarynyň, akademiki we diplomatik toparlaryň, maliýe guramalarynyň wekilleri bolan myhmanlaryň 500-den gowragyny bir ýere ýygnan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” Halkara forumy energetika bazaryna milli we daşary ýurtly gatnaşyjylaryň innowasion tehnologiýalar we hyzmatlar sergisiniň açylyşy bilen badalga aldy.
26.10.2022 16:42
1067
Aşgabatda howa boýunça ýaşlaryň ikinji maslahaty geçirilip, ol talyplary, ekoişjeňleri we meýletinçileri, akademiki we diplomatik jemgyýetçilikleriň wekillerini bir ýere ýygnady.