Samsung
jemgyýet
12.10.2022 00:10
1201
Gazagystanda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleriniň “MediaCAMP AWARD” halkara bäsleşigi duşenbe güni ýeňijileri yglan etdi. Olaryň biri we Türkmenistandan ýeke-täk ýeňiji – ORIENT-iň awtory Aýna Şirowa. Türkmen sungatynda meşhur adamlar - sazandalar, suratkeşler we ýazyjylar hakda adaty bolmadyk ýagdaýda we gyzykly gürrüň bermegi başarýan Aýnanyň materiallary bilen ORIENT-iň okyjylary tanyş.
11.10.2022 16:14
1187
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gol çeken permany bilen saglyk ulgamynyň tapawutlanan wekillerini Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglady.
08.10.2022 20:53
1285
25-nji oktýabrda Belarussiýanyň “Belawiýa” awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlaýar we bu ugur üçin awiabiletleri satyp başlaýar. Bu barada habar awiakompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.
08.10.2022 18:28
2668
Doktor Mihael Lýudwig – meşhur awstriýaly syýasatçy, 2018-nji ýylyň 24-nji maýyndan bäri Wenanyň meri we gubernatory. Ol hemişe Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň taslamalaryna goldaw berdi. IV Wena balyna ýardamçylyk etdi, bala, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Galkynyş” türkmen-awstriýa žurnalynyň ýörite sanyna we ş.m. gutlag hatyny iberdi.
03.10.2022 17:30
1369
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 5-nji oktýabrdan başlap Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli ýolagçy uçar gatnawlaryny dikelder diýip, Atavatan Turkmenistan milli howa gatnawlary edarasyna salgylanyp habar berýär.
30.09.2022 22:29
1913
Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugru boýunça göni ýolagçy howa gatnawlary “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýakyn wagtda täzeden ýola goýlar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde ORIENT-e habar berdiler.
30.09.2022 21:53
1416
1-nji oktýabr - Halkara ýaşulylar gününde “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy “Ýaşym – meniň baýlygym” atly fotosurat sergisini we başy çalaran adamlardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda “Breýn ring”, ýagny akyl ýaryşyny geçirer.
30.09.2022 18:26
1799
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň Sapardurdy Toýlyýewi Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak we TYA-nyň ýolbaşçylygyna Allaberdi Aşyrowy bellemek baradaky çözgüdini tassyklady.
29.09.2022 20:22
1126
Çarşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegine, şol sanda Halkara ahalteke sport toplumyndaky çärelere gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
28.09.2022 21:27
1349
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.