Samsung
medeniýet
08.06.2022 22:51
2617
Ýaş zehinli suratkeşler Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmaga mümkinçilik alarlar – diýip, şu gün gurama yglan etdi.
06.06.2022 20:17
1427
Italýan ýazyjysy Janni Rodariniň “Çipollinonyň başdan geçirmeleri” atly ertekisi türkmen sahnasynda ýene bir gezek janlandyryldy. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Karen Haçaturýanyň sazyna goýlan sahna eseriniň “Orkestrli erteki” atly täzelenen görnüşi bilen çykyş etdi.
05.06.2022 16:05
3245
Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde “Daşoguz welaýatynyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy maslahat geçirildi.
31.05.2022 03:21
1314
2022-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Banpo Hangaň seýilgähinde meşhur türkmen sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde milli aýdymlarynyň wideo şekilleri görkezildi.
27.05.2022 20:53
1791
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň käbesi Ogul¬ge¬rek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Türkmen parlamentiniň bu baradaky degişli karary şu gün resmi metbugatda çap edildi.
26.05.2022 06:07
2711
Şäherlileriň dynç alýan söýgüli ýeri bolan, esasan, “Birinji park” diýlip tanalýan paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähinde – 27-nji maýda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanylan konsert geçiriler.
24.05.2022 00:29
3983
– Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi meşhur ahalteke bedewi Akhanyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň gurluşyk-taslama işlerini ýerine ýtirmek üçin hususy kärhana bilen şertnama baglaşar – diýip, şu gün Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
19.05.2022 05:18
2148
Ýaş pianinoçy Aýnur Otuzowa Ýozef Gaýdnyň doglan gününiň 290-ýyllygyna bagyşlanan ”Nusgawydan häzirkizamana çenli”atly Halkara instrumental ýerineýetirijilik festiwal-bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.