Samsung
eýran
16.06.2022 20:28
1467
Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara terrorçylygyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň we Eýranyň ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegini guramagy teklip etdi. Ol bu barada çarşenbe güni Tähranda Eýarnyň Prezidenti Raisi bilen gepleşiklerinde aýtdy.
16.06.2022 00:24
1743
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşykda Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamenei Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdary bolup çykyş etdi – diýip, Mehr habarlar agentligi habar berýär.
15.06.2022 23:27
985
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak ýokary derejedäki gepleşikleriň meselesi boldy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşi Ibragim Raisi bilen geçirilen duşuşugyň netijelerine bagyşlanan brifingde gürrüň berdi diýip, Mehr agentligi habar berýär.
15.06.2022 21:43
1659
Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyň netijeleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda Aşgabat bilen Tähranyň gatnaşyklary ösdürmäge çynlakaý çemeleşýändiklerini we geljekki iki onýyllyk üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekmäge taýýardyklaryny aýtdy – diýip, Mehr habarlar agentligi habar berýär.
15.06.2022 21:23
1866
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýranyň Baştutanyň Ibragim Raisiniň gatnaşmagynda ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda özara düşünişmek hakynda dokuz Ähtnama gol çekildi hem-de döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi diýip, Mehr habarlar agentligi habar berýär.
15.06.2022 20:53
1602
Sişenbe güni türkmen wekiliýeti Eýranyň Nebit ministrliginde duşuşyk geçirdi. Duşuşykdan soň pudagyň başlygy Jawad Owji eýranly habarçylara gepleşikleriň mazmuny barada gürrüň berdi.
15.06.2022 05:04
1558
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana resmi saparynyň öňýanynda Tähranda iki ýurduň Daşary işler ministrleri – Raşid Meredow bilen Hoseýn Amir Abdollahiýanyň duşuşygy boldy – diýip, eýran KHBS habar berýär.
14.06.2022 01:13
1643
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde Eýrana resmi sapar gurar diýip, IRNA habarlar agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.
05.06.2022 01:43
1362
Eýranyň we Azerbaýjanyň resmi adamlary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler, şonuň çäklerinde tebigy gazyň Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan ugry boýunça çalşylyp ugradylyşyny iki esse artdyrmak ylalaşyldy diýip, IRNA habar berýär.
03.06.2022 22:20
1161
Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Azerbaýjana türkmen gazynyň 1,5 milliard kubmetri iberiler. Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu barada Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Baku energetika maslahatynyň 1-nji gününde habar berdi.