Samsung
wakalar
29.09.2022 08:03
1542
Duşenbe güni, 27-nji sentýabrda Ýaponiýada ozalky Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşyldy. Tokioda soňky 55 ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde matam çäresi geçirildi diýip, ýapon resmi KHBS habar berýärler.
28.09.2022 21:47
1464
Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 26-njy sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi.
27.09.2022 20:13
4594
Aşgabadyň günorta böleginde Döwlet münberi toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Ýöriş milli telewideniýe arkaly görkezildi.
27.09.2022 06:55
1368
Günorta Uralyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Onuň ýanynda sebitiň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolýar diýip, Çelýabinsk oblastynyň hökümetiniň metbugat-gullugy habar berýär.
27.09.2022 06:44
2056
Türkmenistanyň DIM-de ABŞ-nyň Merkezi karargähiniň, ABŞ-nyň Milli gwardiýasynyň edarasynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň täzeden dikeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
26.09.2022 20:43
1706
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Bouygues, Vinci Construction Grands Projets, Cifal fransuz gurluşyk kompaniýalarynyň we Dubaýyň hökümetine degişli Dragon Oil nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
23.09.2022 03:10
1235
Şu gün, 22-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
22.09.2022 21:00
2094
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady we oňa berk jan-saglyk, bagt we üstünlik arzuw etdi.
21.09.2022 19:52
1203
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Malik bilelikdäki energetika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar duşenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek baradaky meselä degip geçdiler hem-de onuň energetika ugurlaryny anyklaşdyedylar diýip, türkmen teleradioýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde habar berildi.
20.09.2022 04:29
1365
Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow Moskwada oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen II Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň saýtynda habar berilýär.