Baker Hughes: känleri gözläp tapmak – Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry
Baker Hughes – bütin dünýä boýunça energetika we senagat pudagynda çözgütleri hödürleýän amerikan transmilli korporasiýasy bolup, nebitli we gazly känleri gözläp tapmak babatda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa bazara ýaňy – 2019-njy ýyldan bäri goşulan-da bolsa, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän energetika we gazhimiýa taslamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Konserniň işiniň şu we beýleki ugurlary barada OGT-2022 halkara nebitgaz forumynyň meýdançasynda Baker Hughesiň satuwlar boýunça ýolbaşçysy Aleksandr Ustýužanin ORIENT-e gürrüň berdi.