Samsung
gazagystan
29.06.2022 01:50
1504
Gazagystan Hazar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, birinjiden, üstaşyr-ulag we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda Hazaryň doly derejede ulanylmaýan ulag geçelgelerini peýdalanmak arkaly täze multimodal ugurlaryny döretmek ugrunda çykyş edýär.
20.06.2022 16:58
2127
Gazagystanyň kükürdi ýüklenen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji konteýner otlusy Tährana geldi. Häzirki wagtda ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýranyň paýtagtyna amala aşyran saparyndan birnäçe gün soň sapar bilen baran Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bar.
14.06.2022 00:56
1942
Russiýanyň portlarynyň üsti bilen nebitiň üstaşyr daşalyşyny amala aşyrýan “CNPC-Aktobemunaigaz” kompaniýasynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň iýun aýyndan gazak nebitiniň eksport edilýän görnüşi KEBCO (Kazakhstan Export Blend Crude Oil) diýlip atlandyrylar. Resmi taýdan bu üýtgedilme 6-njy iýundan güýje girdi.
08.06.2022 04:55
1488
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow hepdäniň sişenbe güni “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşinde daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirilýän Nur-Soltan şäherinde gazagystanly kärdeşi Muhtar Tleuberdi bilen duşuşdy.
08.06.2022 01:22
1421
Duşenbe güni, 6-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Gazagystanyň telekeçileri 35 müň tonnadan gowrak dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn aldylar diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
21.05.2022 18:58
1345
Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň birinji wise-premýeri Roman Sklýay kabul etdi. Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady we nebitgaz pudaklarynda, senagat we obasenagat toplumlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýandygy tassyklanyldy.
19.05.2022 01:12
1254
Türkmenistanyň Prezdenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň döwlet baştutany Kasym-Jomart Tokaýewiň adyna onuň doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat gullugy habar berýär.