Samsung
wakalar
12.11.2022 02:12
1795
Türkmen parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitiniň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň prezidentiniň resmi saýty habar berýär.
27.10.2022 00:53
950
Şu gün irden Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň ýerleşýän ýerinde "Türkmenistanyň nebiti we gazy" (OGT-2022) maslahatynyň resmi açylyşy, şol bir wagtyň özünde-de ady bir sergisi başlandy.
26.10.2022 16:17
1554
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji oktýabr, sişenbe güni Pusan şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" 15-nji Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy.
24.10.2022 16:33
4085
Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
24.10.2022 00:25
1208
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň – türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine onuň täzeden saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdiler.
22.10.2022 15:37
1388
Sebitdäki ähli meseleler parahatçylykly serişdeler, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde çözülmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Aşgabatda Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat beýanatynda aýtdy.
22.10.2022 04:26
920
Soňky ýyllarda umumy syýasy erkiň kömegi bilen özbek-türkmen gatnaşyklarynyň düýbünden täze atmosferasyny döretmek we hyzmatdaşlyga strategiki häsiýet bermek mümkin boldy – diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler tamamlanandan soň KHBS üçin geçirilen brifingde aýtdy.
21.10.2022 22:10
1348
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdiler.
21.10.2022 04:29
1254
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde hormatly myhmany wise-premýer Batyr Atdaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
18.10.2022 16:47
1818
Dohada geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-katar gatnaşyklarynyň giňeldilmegi araa alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi, ol Kataryň daşary işler boýunça döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy.