Moskwada XVIII-XIX asyrlara degişli kitap gysgyjynyň bir bölegi tapyldy
03.01.2025 | 15:10 |Hünärmenler Moskwadaky Krestowozdwizenskiý geçelgesinde geçirilen arheologiki gözlegleriň dowamynda XVIII-XIX asyrlara degişli kitap gysgyjynyň bir bölegini tapdylar diýip, paýtagtyň Medeni miras bölüminiň müdiri Alekseý Ýemelyanow habar berdi.
“Krestowzdwizenskiý geçelgesinde arheologiki işler geçen ýylyň dowamynda geçirildi we şu güne çenli dowam edýär. Bu döwürde hünärmenler takmynan 320 sany tapyndy tapmagy başardylar, olaryň biri – demirden kitap gysgyjydyr. Bu element kitaplary tozandan we ýagtylykdan goramak üçin ulanylypdyr. Bu tapyndylaryň ýaşyny we ýerleşişini göz öňünde tutup, XIX asyryň başynda dargadylan Krestowzdwizenskiý monastyr ybadathana kitaplaryndan birini gorady diýip çaklamak bolar”.
Metal kitap gysgyjynyň nokat nagyş bilen bezelendigi we gülleýän çigildem gunçasyny ýada salýan görnüşi bar. Häzirk ony beýleki tapyndylar bilen birlikde dikeldiş işlerini geçirmek üçin iberildi. Dikeldiş işleri tamamlanandan soň toplanan artefaktlar muzeý gaznasyna geçiriler.
ORIENT news