Türkmenistanda Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär
02.01.2025 | 12:35 |Türkmenistanda halk aýdymlarynyň ýerine ýetiriş däpleri gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar we bagşyçylyk sungaty milli baýlyk hökmünde ykrar edildi we ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu sungatyň görnükli wekillerinden biri – döredijilik ýoly ýurtda professional aýdym-saz sungatynyň emele gelen döwrüne gabat gelen sazanda we kompozitor Sahy Jepbarowdyr. Bu barada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi mugallymy Elmira Öwezniýazowa “Vestiabad” habarlar agentligine beren interwýusynda aýtdy.
Sazanda, özboluşly ýerine ýetiriş we kompozisiýa ugryna täsir eden halk bagşy Täçmammet Suhangulyýewiň we Hally bagşynyň şägirdi boldy. Häzirki zaman we nusgawy türkmen şahyrlarynyň goşgularyna 200-den gowrak aýdymlary döretdi.
Türkmen radiosynyň gaznasynda Sahy Jepbarowyň geçen asyryň 30-njy ýyllarynda döreden aýdymlarynyň ýazgylary saklanýar. 1929-njy ýylda paýtagtyň Drama teatrynda ýanynda halk gurallarynyň ilkinji ansamblyny hem-de Mary we Gyzylarbat şäherlerinde aýdym-saz toparlaryny döretdi. 1939-1944-nji ýyllarda Aşgabat döwlet filarmoniýasynyň müdiri we solisti boldy, 1940-njy ýylda bTürkmenistanyň Kompozitorlar bileleşiginiň ilkinji ýolbaşçylaryndan biri boldy.
2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Sahy Jepbarowyň 120 ýaşy dolýar. Ýubileýi mynasybetli Arkadag şäherinde hormatly myhmanlaryň şol sanda Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nuryýewiň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Sahyberdi Jepbarowyň gatnaşmagynda maslahat geçiriler. Konsertde Magtymgulynyň, Gara Seýtliýewiň we Kerim Gurbannepesowyň goşgularyna Sahy Jepbarowyň aýdymlary, şeýle hem ady rowaýata öwrülen bagşylara bagyşlanan kompozisiýalary ýerine ýetiriler.
ORIENT news