Iň täze habarlar

Döwletliler köşgünde çagalara Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

02.01.2025 | 12:58 |
 Döwletliler köşgünde çagalara Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

1-nji ýanwarda Döwletliler köşgünde guralan Täze ýyl dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sowgatlar gowşuryldy.

Uly Täze ýyl arçasynyň ýanynda hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Aýazbaba, Garpamyk we 2025-nji ýylyň nyşany gutlamga geldiler. Şeýle hem myhmanlaryň arasynda Mejlisiň, Halk Maslahatynyň hem-de degişli ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.

Döwlet Baştunynyň yzygiderli aladalary bilen beden taýdan berk we ruhy taýdan baý nesli sazlaşykly kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletliler köşgünde çagalar bilim alýarlar we durmuşda gerek bolan dürli hünärleri özleşdirýärler. Bu ýerde çagalar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen döredijilik bäsleşiklerine hem-de halkara festiwallaryna gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi “Joşgun” tans topary hem bar.

Ýaş türkmenistanlylar bu günki dabarada myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Dürli yşyklar bilen ýalkym saçýan arçanyň ýanynda olar goşgy aýtdylar, joşgunly tanslary hem-de ylham berýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Soňra çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar, şeýle hem olaryň döwrebap bilim almaklary üçin interaktiw okuw esbaplary gowşuryldy.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: