Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Aeronawigasiýa gullugy howa gatnawyny işjeňleşdirýär

11.10.2024 | 04:05 |
 Türkmenistanyň we Özbegistanyň Aeronawigasiýa gullugy howa gatnawyny işjeňleşdirýär

Daşkentde Türkmenistanyň Aeronawigasiýa gullugynyň we Özbegistanyň “Uzaeronawigatsia” döwlet unitar kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki tarapyň wekiliýetleri aeronawigasiýasynyň howpsuzlygy, howa giňişligindäki hereketini kämilleşdirmek we howa giňişlikdäki herekete gözegçilikde häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Esasy mowzuklaryň biri Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky howa gatnawyny has-da kämilleşdirmek we howa giňişliginiň geçirjilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän iki ýurduň täze howa ýollaryny açmak mümkinçiligi boldy.

11102024-aeronavigacionnye-sluzhby-turkmenistana-i-uzbekistana (1).jpg

Bu duşuşyk strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek we howa hereketine gözegçilik etmekde öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak üçin möhüm ädim boldy diýip, Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berýär.

ORIENT news

Foto: Минтранс РУз

Şeýle hem okaň: