Türkmen ilçisi Gresiýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
09.10.2024 | 14:17 |2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Afiny şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekowyň Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropula Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasynda Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde (hemişelik oturýan ýeri Rim ş.) ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine mähirli gutlaglaryny, türkmen halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýollaldy. Gresiýa Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sebit we halkara derejelerinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Ilçi T.Kömekow öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gresiýa Respublikasynyň Prezidentine we bu ýurduň halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Dabaranyň dowamynda özara bähbitli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.
Italiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow Gresiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Gresiýanyň DIM-niň Protokol bölüminiň başlygy Aglaýa Balta hem ynanç hatlarynyň nusgalaryny goşwurdy.
Mundan başga-da, ilçiniň Gresiýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandra Papadopulu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn saparlaryň amala aşyrylmagynyň meselelerine aýrtayn üns berildi.
Taraplar Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek maksady bilen işjeň dialogyň alyp barylmagyny tassykladylar.
ORIENT news