Iň täze habarlar

NASA-nyň kosmonawtlary Olimpiýa oýunlary – 2024 hormatyna Halkara kosmos stansiýasynda kiçi ýaryş geçirdiler

30.07.2024 | 11:15 |
 NASA-nyň kosmonawtlary Olimpiýa oýunlary – 2024 hormatyna Halkara kosmos stansiýasynda kiçi ýaryş geçirdiler

26-njy iýulda Parižde we Fransiýanyň beýleki şäherlerinde başlanan 2024-nji ýyldaky XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryny dabaralandyrmak üçin Halkara kosmos stansiýasyndaky NASA-nyň alty kosmonawtlary özleriniň kiçi Olimpiadasyny geçirmek kararyna geldi.

Halkara kosmos stansiýasy kosmonawtlaryň işjeňligini görkezýän iki minutlyk wideo çykardy.

Wideo Olimpiýa alawynyň geçirilmegi bilen başlaýar. Janet Epps ody Maýk Barratta, Sunita Williams, Treýsi Kaldwell Daýson we ahyrsoňy Ýeriň fonunda stansiýanyň gümmezinde duran Butçu Wilmora geçirdi.

Şondan soň kosmonawtlar ýaryşlaryna taýýarlyk görüp başlaýarlar.

Ahyrynda ähli türgenlere Olimpiýa oýunlarynda üstünlik arzuw etdiler.

“Hakyky grawitasiýada sport bilen meşgullanýan dünýä derejesindäki türgen bolmak nähili kyn bolmalydygyny göz öňüne getirip bilemizok. Şeýlelik bilen, Halkara kosmos stansiýasyndaky hemmämizden Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýanlaryň hemmesine üstünlik arzuw edýäris!” – diýip, Metýu Dominik aýtdy.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: