Ilkinji gezek kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary 2025-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriler
15.07.2024 | 16:12 |2025-nji ýylda Saud Arabystanynda taryhda ilkinji gezek kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary geçiriler.
Elektron sport oýunlarynyň geçirilmegi Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) we Saud Arabystanynyň Olimpiýa we paralimpiýa komiteti tarapyndan gol çekilen şertnama esasynda göz öňünde tutulýar. Bu şertnama 12 ýyl üçin niýetlenendir we munuň özi Saud Arabystanynyň ählumumy kibersport merkezi hökmünde öňdebaryjy ornunyň tassyklamasydyr.
Saud Arabystany ozal Er-Riýadda Bütündünýä kibersport federasiýasy (Global Esports Federation) bilen bilelikde gurnap dünýä çempionatyny geçiripdi. Ilkinji kibersport boýunça Olimpiýa oýunlarynyň takyk geçiriljek şäheri, dersleriň sanawy we hünär derejesiniň ýörelgeleri entek kesgitlenmedi.
Şeýle-de bolsa, bu gezek Halkara Olimpiýa Komiteti bu maksatnama Rocket League, Street Fighter we League of Legends ýaly meşhur elektron sport derslerini goşmak mümkinçiligi barada gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Elektron sporty boýunça oýunlaryny geçirmek başlangyjy Saud Arabystanynyň Mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda degişlidir.
Kibersport boýunça Olimpiýa oýunýalry her iki ýyldan bir gezek geçirmek meýilleşdirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Günorta Koreýa indiki ýaryşlary geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
ORIENT news