Türkmenistan we ÝB metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar
22.11.2022 | 14:59 |Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga geçmek we atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselesi Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň Aşgabatda geçirilen bilelikdäki ylmy we amaly maslahatynyň esasy temasyna öwrüldi. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Maslahatyň açylyşynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekili Diego Ruiz Alonso: «Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň hökümetine daşky gurşaw pudagynda Ýewropa Birleşigi bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy. Häzirki çäre bu ugurda oňyn hyzmatdaşlygy esaslandyrmagyň mysallaryndan biridir» – diýip belledi.
Foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Ýewropa Birleşiginiň hünärmenleri ýaşyl energiýa geçiş babatynda ÝB-niň syýasatyny ösdürmek bilen meşgullanýarlar. Maslahatda Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissary Kadri Simson we Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Baş direktorynyň ýerine ýetirijisini (DG CLIMA) Klira de la Torre gatnaşyjylara wideo çykyşlary bilen ýüzlendiler.
ÝB-niň wekilleri Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ýurduň ýolbaşçylarynyň halkara borçnamalaryna laýyklykda atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak üçin birnäçe çäreleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Iki günläp dowam etjek bu maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we bölümleriniň hünärmenleri, şeýle hem ylmy institutlar, Ýewropa Birleşigindäki kärdeşleri bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň girizilmegi we kanunlary kadalaşdyrmak arkaly atmosfera zyňyndylary azaltmagyň ýollary we onda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak barada maslahat ederler.
Maslahatyň ilkinji gününde türkmen hünärmenleri Ýewropa Birleşiginiň «ýaşyl» energiýa pudagyndaky syýasaty, kanunçylygy, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge ÝB-niň maýa goýumlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem maslahatyň möhüm meseleleriniň arasynda – Türkmenistanyň Ýewropa Birleşigine ekologiýa taýdan arassa we az uglerodly energiýa göterijilerini, şol sanda wodorody üpjün etmegiň geljegi bar.
ORIENT news
Redaksiýanyň suraty