CCTV+: Hytaýda COVID-19 garşy göreşmek işleri keselleriň agyr halatlarynyň öňüni almak bilen üýtgedilýär
04.01.2023 | 21:31 |Hytaý keseliň öňüni almagyň ýerine COVID-19 keseliniň agyr geçişiniň öňüni almaklyga we adamlaryň saglygyny goramaklyga esasy ünsi berip başlar. Bu barada HHR-nyň saglyk işleri boýunça döwlet komitetiniň resmi wekili Mi Fen Pekinde geçen metbugat-maslahatynda aýtdy.
«Häzirki wagtda Hytaýda COVID-19 garşy göreşmäge berilýän üns ýokuşmanyň öňüni almakdan saglygy goramaga we keseliň agyr halatlarynyň öňüni almaga üýtgedilýär. Oba etraplary epidemiýa garşy göreşiň tagallalarynyň we saglyk üpjünçiliginiň merkezinde ýerleşýär» – diýip, saglyk işleri boýunça döwlet komitetiniň wekili aýtdy.
Mi Fen saglygy goramak babatynda gündelik hyzmat edilişiň gowulandyrylmagyny we garrylary we çagalary COVID-19 goramak boýunça netijeli işleri geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Ol şeýle hem däp bolup gelýän hytaý lukmançylygyndan peýdalanmaga çagyrdy we pandemiýanyň has köp ýaýran wagty Hytaýyň günbatar we däp bolup gelýän hytaý lukmançylygyny utgaşdyrandygyny belledi.
ORIENT habarlar
Surat: fmprc.gov.cn