Marsdaky şemal adamzada elektrik energiýasyny öndürmäge kömek edip biler
23.12.2022 | 06:02 |Aeronawtika we kosmos giňişligindäki barlaglar boýunça Milli müdirligiň (NASA) ylmy barlagçylary Marsyň köp böleginde şemalyň tizliginiň turbinalaryň elektrik toguny öndürmegi üçin ýeterlik güýçlidir diýen netijä geldiler – diýip, Phys.org habar berýär.
Öňler alymlar ýerdäki ýel degirmenleriniň kömegi bilen şemaly toga öwürmek başartmaz, sebäbi planetadaky atmosfera gatlagy gaty ýuka we şemalyň ýokary tizligine garamazdan, onuň güýji energiýany öndürmäge ýetmez diýip hasaplaýardylar.
Ýöne NASA-daky astronomlar Siýetldäki Waşington uniwersitetiniň kärdeşleri bilen bilelikde Marsda energiýanyň kesgitli mukdaryny öndürmek üçin ýeterlik kuwwatda şemally ýerleriň bardygynyň üstüni açdylar.
Munuň üçin olar Gyzyl planeta Ýerdäki howa maglumatyny öňünden aýtmak üçin ulanylýan howa modelini ulandylar, ol model gün şöhlelenmesiniň mukdary, atmosferada tozanyň we ýylylyk energiýasynyň derejesi we planetanyň dürli sebitlerindäki landşaft ýaly ýagdaýlary göz öňüne tutýar.
Ylmy-barlagçylar şemalyň güýji bilen tok öndürýän generatorlary kraterleriň we wulkanly beýik daglaryň gyralarynda, şeýle hem planetalaryň polýuslarynyň töweregindäki tegelek akymly ýerlerde oturdyp boljakdygy baradaky karara geldiler.
Marsa ýük daşamagyň has gymmatdygyny göz öňünde tutup, alymlar bu gurluşlary ýerdäkä garanda has ýeňil materiallardan ýasamaly boljakdygyny bellediler.
ORIENT habarlar
Surat: naked-science.ru