Uzak wagtlap dowam edýän deňiz gomlary Hazar düwlenleriniň köpçülikleýin gyrylmagyna sebäp bolup biler
07.12.2022 | 00:29 |Hazar düwlenleriniň köpçülikleýin gyrylmagynyň esasy sebäpleri Hazar deňzine adam täsirleri bilen baglanyşykly bolmadyk «tebigy sebäpleriň» täsirleri hökmünde ykrar edildi. Bu barada Dagystan Respublikasynyň Tebigy baýlyklar ministrligi resmiTelegram kanalynda habar berýär.
Balykçylyk federal gullugynyň Demirgazyk Kawkaz sebit dolandyryş gullugy uzak wagtlap dowam eden gomlaryň deňiz düwlenleriniň şeýle köpçülikleýin gyrylmagyna sebäp bolmagynyň ähtimallygynybelleýär. Öz gezeginde haýwanlaryň bedenleriniň zäherlenmegi baradaky çaklama esassyzdyr, şeýle hem geçirilen laboratoriýa barlaglary hem muny doly subut edýär.
Häzirki wagtda Hazar düwlenleriniň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşleri we Tebigaty goramak boýunça Halkara Birleşigi tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan görnüş hökmünde ykrar edilen 2,5 müň sany düwleniň läşleri tapyldy.
Düwlenler Hazar deňziniň ýeke-täk süýdemdirijisi bolmak bilen, bu görnüşiň tebigy duşmanlary ýok, şeýle hem häzirki wagtda olaryň sany 70-300 müň töweregi bolup, geçen asyryň başynda bu görkeziji takmynan bir milliona golaýlapdy.
ORIENT news
Surat: lenta.ru