Iň täze habarlar

Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary zyýan beriji mör-möjekleriň dökülmegine garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar

25.11.2022 | 19:50 |
 Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary zyýan beriji mör-möjekleriň dökülmegine garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar

Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň wekilleri çekirtgeleriň hüjümlerine garşy göreşde mundan beýläkki hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak barada ylalaşyk gazandylar.

Bu ylalaşyk Duşenbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) tarapyndan Täjigistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Ýaponiýanyň maliýe goldawynyň esasynda guralan Kawkazda we Merkezi Aziýada (KMA) çekirtgeler boýunça her ýylda geçirilýän dört günlük sebitleýin tehniki seminaryň çäklerinde gazanyldy – diýip, asiaplus.tj ýazýar.

Bu çärä Kawkazda we Merkezi Aziýada çekirtgelere garşy milli we sebitleýin göreşmegi gowulandyrmak boýunça FAO maksatnamasyna gatnaşýan Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar çekirtgeleriň hüjümine garşy göreşmek we olaryň ýaýrama howpuny azaltmakda ýurtlaryň mümkinçiliklerini we taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni, “Kawkazda we Merkezi Aziýada çekirtgelere garşy göreşmek ulgamy” (CCALM) meýilnamasyny durmuşa geçirmegi we çekirtgeleri dermanlamak, şol sanda biopestisidler bilen işlenmegi bilen baglanyşykly töwekgelçiligi azaltmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Zyýan berijiler bilen göreşmekde dronlary ulanmak ýaly innowasion çemeleşmeleriň we beýleki tehniki meseleleriň üstünde hem durlup geçildi.

ORIENT news
Surat: asiaplus.tj

Şeýle hem okaň: