Merkezi Aziýada tebigy çäkleri goramak boýunça sebitleýin gepleşikler başlandy
02.11.2022 | 16:10 |Daşkentde Merkezi Aziýada goralýan tebigy ýerleri dolandyrmak pudagyndaky serhetüsti hyzmatdaşlyk boýunça Sebit Gepleşikleriniň çäklerindäki ilkinji duşuşyk geçirildi.
Çäräniň esasy maksady goňşy ýurtlaryň daşky gurşaw edaralary hem guramalary bilen gatnaşyklary gurmak, serhetüsti goralýan tebigy ýerlerde utgaşdyrma işlerini gowulandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen ýeriň ulanyşyna we biodürlülige ýaramaz täsir ýetirilmegini ýeňip geçmek üçin bilelikdäki hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdyr.
Dialogy guraýjylar bolup Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň (GIZ) «Ýaşyl Merkezi Aziýa», «Merkezi Aziýanyň howasynyň üýtgemegini hasaba almak bilen ýerden umumy peýdalanmak» we «Aral deňziniň sebitiniň daşky gurşawa gönükdirilen sebitleýin ösüşi» diýen sebit maksatnamalary çykyş etdiler.
Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen ilkinji çäre Daşary işler ministrlikleriniň, degişli döwlet pudaklaýyn ministrlikleriniň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň goralýan ýerler boýunça edaralaryny, şeýle-de tokaý hojalygy bölümleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
Türkmenistandan Gaplaňgyr goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy (onlaýn görnüşde) we Durnukly ösüş boýunça döwletara iş toparyndaky ýurduň wekili (çäräniň geçirilýän ýerinde bolmak bilen) gatnaşdy.
Duşuşykda ekologiki göçüp-gonma geçelgelerini kesgitlemek we öwrenmek hem-de germewleriň göçüp-gonup ýören görnüşlere ýetirýän zyýanly täsirleri barada bilelikdäki işler barada köp sanly meseleler gozgaldy. Oňa gatnaşanlar biodürlüligi gorap saklamak boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, hususan-da, döwlet serhet ýakalarynda eýýäm döredilen goralýan ýörite milli tebigy ýerlerde serhetüsti ýörite goralýan çägi döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda serhet ýakasyndaky aýratyn goralýan tebigy ýerleri durnukly dolandyrmak boýunça tagallalara goşulmak we mundan beýläkki hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşyga gatnaşanlar tarapyndan degişli döwlet pudaklaýyn ministrlikleriniň we goralýan tebigy ýerler boýunça bölümleriň wekillerinden ybarat boljak hemişelik iş toparyny döretmegi teklip etdiler, bu topar Merkezi Aziýada serhet ýakasyndaky goralýan tebigy ýerleri dolandyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleleri çözmek bilen meşgullanar.
Şu Gepleşikler boýunça indiki duşuşyk dürli görnüşli ekoulgamlar (dag, çöl, suw) mahsus bolan serhetüsti goralýan ýerleri dolandyrmak boýunça okuw sapagy görnüşinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriler. Şunda dolandyryş meýilnamasyny döretmek we ýol kartasyny işläp düzmek hem meýilleşdirilýär.
Bu Dialogyň işine Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara birleşik (IUCN), Mihael Zukkow gaznasy (MSF, Germaniýa), Fauna we flora meseleleri boýunça halkara guramasy (FFI), ýabany haýwanlaryň göçüp-gonýan görnüşlerini goramak boýunça Bonn konwensiýasy, Germaniýanyň tebigaty goramak birleşigi (NABU) ýaly halkara guramalary işjeň gatnaşdylar.
ORIENT news
Surat GIZ tarapyndan berildi