Iň täze habarlar

Daşary ýurtlaryň KHBS-niň wekilleri Hytaý bilen tanyşýarlar

29.03.2024 | 14:39 |
 Daşary ýurtlaryň KHBS-niň wekilleri Hytaý bilen tanyşýarlar

«Hytaýa syýahat» atly halkara KHBS alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Hytaýyň ykdysady mümkinçilikleri we medeni mirasy bilen tanyşdylar. Bu barada «Global Times» portaly habar berýär.

Mediýa syýahaty Hytaýyň jemgyýetçilik diplomatiýasy birleşigi we huanqiu.com saýty tarapyndan bilelikde guraldy.

Hepdäniň dowamynda daşary ýurtly žurnalistler Hytaýyň ýokary tehnologiýaly senagat seýilgählerine baryp gördüler, Çantaýdaky Ýanszy derýasynyň üstünden geçýän köprüde boldular we «China Communications Construction Co» kompaniýasynyň (CCCC) Usi, Taýçžou hem-de Çanşu şäherlerindäki wekilhanalaryna baryp gördüler.

Olara «Yadea» kysymly iki tekerli elektrik ulaglaryny synap görmek we ýurduň tikinçilik senagatynyň akylly fabrigi bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi. Kärhanada 5G aragatnaşyk tory arkaly hakyky wagt tertibinde ussahanalaryň işine gözegçilik ýola goýlandyr.

Şeýle hem žurnalistler Hytaýyň iri inženerçilik taslamalaryny we tunel-geçiş toplumlaryň önümçilik bazalaryny öz gözleri bilen gördüler.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tehnologiýanyň iň öňdebaryjy ulanylyşyna şaýat bolandyklaryny aýtdylar.

ORIENT news

Foto: globaltimes.cn

Şeýle hem okaň: